9 aýda Türkmenistanyň 120 müňden gowrak raýaty Özbegistana syýahat etdi

9 aýda Türkmenistanyň 120 müňden gowrak raýaty Özbegistana syýahat etdi

Türkmenistan şu ýylyň 9 aýynda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji bäşlikden orun aldy. Bu barada Özegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Hasabat döwründe 120,4 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan bu görkeziji boýunça bäşinji orny eýeledi. Bu ugurda birinji orun Täjigistana (1 million 667,6 müň), ikinji ýer Gyrgyz Respubikasyna (1 million 647,5 müň), üçünji orun Gazagystana (1 million 129,3 müň) degişli. Türkmenistanyň öňýanyndaky orny bolsa Russiýa Federasiýasy (609,7 müň) eýeläpdir.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda jemi 5 million 732,7 müň daşary ýurtly jahankeşde Özbegistana syýahat edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,8 göterim köpdür.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Türkmen zenanlary Özbegistana zähmet migrasiýasyna gidýärler
Türkmenistan we Özbegistan serhetden geçiş mümkinçiligini giňeltmekçi
Azerbaýjan Özbegistandan sowadyjylary import edýän ýurtlaryň başyny çekdi
Ýylyň başyndan bäri 170 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi
Gazagystan Russiýadan rekord derejede çaý we süýjülik satyn aldy
72 müňden gowrak türkmenistanly täjirçilik we söwda maksady bilen Özbegistana bardy