
Antalýa üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe 14 million 71 müň 412 syýahatçy geldi.
Şähere gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 8 göterim artdy.
9 aýda Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Russiýa birinji orny eýeledi.
Russiýadan Antalýa 9 aýda 3 million 245 müň 626 syýahatçy geldi.
Sanawda Russiýadan soň 2 million 705 müň 103 syýahatçy bilen Germaniýa ikinji, 1 million 298 müň 313 syýahatçy bilen Britaniýa üçünji orny eýeledi.