Liwanda daşky gurşawyň abadançylygy ugrunda göreşýärler. Şonuň üçin bu ýerde ýaşyl plastic gaplardan ýasalan Täze ýyl arçasyny gurnadylar. Ony taýýarlamak üçin ýurduň dürli ýerlerinden toplanan 80 müň töweregi plastiki çüýşeler peýdalanylypdyr.
Özboluşly arça “Köldäki Roždestwo” şüweleňine gelýänleriň nazaryndan sypmaýar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu işler zibili saýlamagyň we galyndylary gaýtadan işlemegiň möhümdigini görkezmek maksady bilen guraldy.