80 kilogramlyk garpyz

Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Akita welaýatynyň Ýokote şäherinde ýaşaýan daýhan agramy 80 kilogramlyk garpyz ösdürip ýetişdirdi.Sebitde her ýylda garpyzlaryň bäsleşigi geçirilýär.Bu ýylky ýaryşda birinji bolan garpyzyň “Carolina Cross” sortuna degişlidigi mälim edildi. Ýaryşa jemi 7 sany äpet garpyz hödürlenipdir.

Birinji bolan garpyzy ösdürip ýetişdiren Ýamamoto Toşio 30 ýyldan gowrak wagt bäri daýhançylyk edýändigini belleýär. Ýeri gelende bellesek, Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatyna görä, iň agyr garpyzyň agramy 159 kilogram bolup, 2013-nji ýylda hasaba alnypdyr.

Bu garpyzy ABŞ-nyň Tennessi ştatynda ýaşaýan Kris Kent ösdürip ýetişdiripdir.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da sowuk howa sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar
ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli 83 adam heläk boldy
Iki ýaşynda okamagy öwrenen gyzjagaz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Iki ýaşynda okap bilýän gyzjagaz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
30-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag şäherinde demir ýol menzili we durmuş ugurly beýleki binalar gurlar