8-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilýän mejlisine gatnaşýar, Türkmenistanda Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hatyralandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary tanyşdy.

Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlary diňledi hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 2.Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy.

Onuň dowamynda ekologiýa, akylly şäher konsepsiýasy, lukmançylyk we oba hojalyk klasterlerine maýa goýum serişdelerini gönükdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çekilen resminamasyna laýyklykda, taýýarlyk işleri eýýäm başlandy. 3.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nurberdi Çopanowy özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.Bu wezipä Nurnazar Handurdyýew bellenildi. 4. 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilýän mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iki günlük iş sapary başlandy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 8-nji oktýabrda boljak nobatdaky mejlisine gatnaşmagy ýurduň Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly dialoga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarynda bellenilýär. 5.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 11-nji oktýabrda Türkmenistana iş sapary bilen geler.Saparyň dowamynda Putin beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara foruma gatnaşar. 6. 7-nji oktýabrda Russiýanyň döwlet Baştutany doglan gününi belledi.

Wladimir Putini 72 ýaşynyň dolmagy bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutladylar.

7. 6-njy oktýabrda — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralandy.Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 8. 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurtda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleler girizildi.

Dünýäde

9.Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda biynjalyk edýän meýiller ýüze çykaryldy: käbir syýahatçylyk agentlikleri hakykat ýüzünde bolmadyk ýerlere gezelenç hödürleýärler.Hilegär operatorlar arzan bahadan müşderileri özüne çekýärler, ýöne hakyky taryhy ýerlere baryp görmegiň ýerine, syýahatçylary galp ýerlere alyp gidýärler.

Mysal üçin, meşhur Ihlara kanýonynyň ýerine toparlar şoňa meňzeş, ýöne taryhy gymmaty bolmadyk ýerlere syýahat edýärler.Kappadokiýanyň meşhur ýeri bolan Göreme şäheri diňe uzakdan görkezilýär.Adaty ammarlaryň gadymy ýerasty şäherler hökmünde görkezilýän halatlary hem bolýar. 10.

Amerikaly alymlardan ybarat topar soňky iki asyrda ömrüň ortaça dowamlylygynyň çalt ýokarlanmagynyň ep-esli peselip biljekdigini görkezýän gözlegiň netijelerini hödürlediler. Çikagodaky Illinoýs uniwersitetiniň gözlegçileri adamzadyň ömrüniň uzaklygynyň biologiki çägine ýetendigini çaklaýarlar.

Sport habarlary

11.Baş tälimçi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky Arkadag futbol kluby bassyr ikinji ýyl möhletinden öň Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldy.Duşenbe güni döwlet ähmiýetli adybir şähere wekilçilik edýän topar milli çempionatyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda Balkanabadyň Nebitçisinden 5:1 hasabynda ynamly üstün çykdy.

Bu ýeňşiň netijesinde, Arkadag iň ýakyn yzarlaýjysy Ahal bilen aratapawudy 23 utuga ýetirip, wagtyndan öň çempionlygyny kepillendirdi.

12.Sentýabr aýynda uşu sanda boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri iki sany iri halkara ýaryşynda dürli derejeli jemi 8 medal gazandylar. Ýetginjekleriň arasynda uşu sanda boýunça 9-njy dünýä çempionatynda ýaryşyň esasy ýeňijisi 75 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan Kerwen Muhammetöwezow boldy.

Ahmet we Eziz Muhammedowlar hem-de Gurbangeldi Berdiýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyna bürünç medallary getirdiler. 13.Türkmenistandan ýaş türgenler Dohada tamamlanan ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça 3-nji Aziýa ýaryşynda täsirli netijeleri gazandylar.

Türkmen tennisçileri 14 ýaşa çenli oýunçylaryň arasyndaky oglanlaryň we gyzlaryň ýaryşlarynda hormat münberiniň ähli basgançaklaryny eýelediler.Oglanlaryň arasynda ýekelikde 12 ýaşly Ali Geldiýew, gyzlaryň ýaryşynda bolsa 14 ýaşly Ilima Guseýnowa birinji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Taryh, däpler, häzirki döwür: sergi hakda söhbetden parçalar
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
KAMAZ Türkmenistana iki sany elektrobus ýerledi, Mişustin Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebe baryp gördi, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar
Türkmenistan Bahreýnde geçirilýän halkara tennis ýaryşynyň ikinji tapgyryna dört ýeňiş bilen başlady