Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Täçmyrat Repbimowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan Mähriban dideler atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan oýnuň saz bezegini Mämmet Hydyrow bilen Elman Geldimyradow, sahna bezegini bolsa Mekan Annamyradow ýerine ýetiripdir.
Täze sahna eserinde Güldesse atly gedem, öz diýenli gyz bilen Mergen atly ýaş oglanyň söýgisi beýan edilýär.Oýnuň baş gahrymanlary oba hojalygynda ýüpek gurçugyny ýetişdirmek ugrunda zähmet çekýärler.
Soňra Güldesse oba hojalyk ugrunda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdebine okuwa girýär.Mergen bolsa hargy gulluga gidýär.Mergen harby gullukdan gelenden soň Geldessä özüniň söýgüsini aýtýar.Gyz bolsa Mergene öz diýýän ýigidiniň däldigini aýtýar.
Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Güldesse Mergene aýdan sözi üçin gynanýar.Iki ýaş juwanyň birikmeginde, Mamur ejäniň uly hyzmaty bolýar.Güldesse Mamur ejä Mergeniň göwnüne degendigini, öz kalbynda besleýän ýigidiň Mergendigini aýtýar.
Bu sözleri eşdip duran Mergen eline ýüzük alyp Güldessä özüne durmuşa çykmagyny soraýar.Gyz oglana razy bolýar. Şeýdip Güldesse bilen Mergen arzuwyna ýetýär.Umuman aýdanymyzda täze sahna eserindäki wakalar häzirki zaman obasynda hem-de ýokary okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda bolup geçýär.
Täze sahna eserinde Tyllagözel Hydyrowa Güldessäniň, Şirgeldi Saparow Mergeniň, Hurmagül Bäşimowa Mamur ejäniň, Oguljennet Horasanlyýewa Jahanyň, Türkmenistanyň ag gazanan artistleri Öwez Hudaýgulyýew Kerim aganyň, Oguljan Bekiýewa Dünýägözeliň, Akmyrat Annamyradow Şatlygyň, Jennet Çowdurowa Gunçanyň, Aýsenem Geldiýewa Aýjahanyň, Myrat Saryýew äýnekli ýigidiň, Söhbet Täçmämmedow Öweziň, Serdar Bäşimow Seýidiň, Tahyr Annarejepow bolsa Öwezalynyň keşplerinde çykyş edýärler.