8-nji Dekabr Siriýada “Milli Baýram” Hökmünde Yglan Edildi

8-nji Dekabr Siriýada “Milli Baýram” Hökmünde Yglan Edildi

Siriýada 61 ýyllyk Baas ulgamynyň dargan güni bolan 8-nji dekabr “Milli baýram” hökmünde yglan edildi.

Siriýaly oppozisionerlerden ybarat milli koalisiýa SMDK güýçleri Baas ulgamynyň dargamagyndan soň metbugata beýannama berdi.

Beýannamada, “Siriýanyň ganhor Başar Asad ulgamyndan halas bolan güni mynasibetli siriýanyň halkyny gutlaýarys. 8-nji dekabry “Milli baýram” hökmünde yglan edýäris. Şu gün şehitleriň, gurbanlaryň, tussaglylaryň, öýlerini terk edenleriň we zuluma sezewar bolanlaryň ýeňiş güni” diýildi.

Beýannamada, SMDK-nyň hökümetiň ähli ygtyýaryny wagtlaýyn geçiş hökümetine tabşyrjakdygy we koalisiýa güýçleriniň täze Siriýanyň gurulmagy üçin ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardygy nygtaldy.

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Halap welaýatynyň günbatarynda 27-nji noýabrda Asada tabynlykdaky güýçler bilen garşydaş ýaragly toparlaryň arasynda çaknyşyk başlapdy.

Nobaty bilen Idlib, Halap, Hama, Homus, Dera, Suweýda welaýatlary oppozisionerleriň gözegçiligine geçipdi.

Siriýanyň hökümeti, 8-nji dekabrda ir ertir paýtagt Damaskda hem gözegçiligini ýitipdi.

Siriýanyň Milli goşuny hem Halap welaýatynda 1-nji dekabrda terror guramasy PKK/ÝPG-a garşy başladan Azatlyk şapagy operasiýasynda Tel-Rifat etrap merkezini terrordan saplapdy.

Siriýanyň Milli goşuny Manbiçde hem operasiýalaryny dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

PKK/ÝPG Siriýanyň Deýr-ez-Zor welaýatynyň merkezine hüjüm gurady
Başar Asad wakalardan soň ilkinji gezek beýannama berdi
BMG-niň ýörite wekili Siriýanyň gelejegi hakynda pikir alyşmak üçin HTŞ-nin liderleri bilen duşuşdy
Damaskda köpçülikleýin gubyr we neşe zawodlary tapyldy
Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär
Diňle: Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär