8-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

8-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistan Astanada geçirilen Merkezi Aziýanyň energetika ministrleriniň birinji duşuşygyna gatnaşdy, Türkmenistanda iki sany döwrebap gury ýük gämisiniň gurluşygy başlandy, arheologlar Köneürgençde özboluşly gurluş tapdylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň birinjiduşuşygy geçirildi.Duşuşykda Türkmenistana ilçi Batyr Rejepow wekilçilik etdi. Çärä Gazagystanyň energetika ministri başlyklyk etdi.Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika edaralarynyň ýolbaşçylary ýurtlaryň arasyndaky ähli möhüm ugurlarda mundan beýläk-de üstünlikli hyzmatdaşlygyň binýady boljak Jemleýji resminama gol çekdiler. 2.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde iki sany täze gury ýük gämisiniň gurluşygyna girişildi.Bu taslama Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Günorta Koreýanyň Koryo kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.

Gury ýük gämileriniň ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolup, uzynlygy 123 metre, ini 16,5 metre, bortunyň beýikligi bolsa 8,3 metre deň bolar. 3. 19-njy awgustda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine girmek üçin dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edişligi tamamlanýar.

Dalaşgärler üçin dürli hünärleri hödürleýän ýurduň dürli bilim edaralary elýeterlidir.Olaryň arasynda maliýe-ykdysady mekdepler, söwda, awiasiýa, nebitgaz senagaty, oba hojalygy, syýahatçylyk, bank, gurluşyk, demirýol we deňiz ulaglary, energetika we beýleki pudaklara ýöriteleşen bilim edaralary bar.

Dalaşgärler Turkmenportal saýtynyň Maglumathana bölüminde täze okuw ýylynyň kabul edişlik meýilnamasy we zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşyp bilerler. 4.Arheologlar Türkmenistandaky Köneürgenç Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde möhüm açyş etdiler. Çak edilýän kerwensaraýyň ýerinden diametri takmynan 12 metre barabar bolan ýyldyz şekilli köpburçly gurluş tapyldy, hünärmenleriň pikiriçe, şeýle şekil bu sebitde gabat gelmeýär.

Ilkibaşda, bu desga orta asyr kerwensaraýynyň galyndylary hasaplandy, ýöne soňky tapyndylar bu çaklamanyň dogry däldigini görkezdi.Täze maglumatlar öwrenilýän obýektiň baş metjit ýa-da Horezmşalar döwletiniň paýtagtynyň möhüm administratiw binasy bolandygyny görkezýär.

Bu ýerdäki işler dowam edýär.Alymlar täsin gurluşyň maksadyny we ýaşyny anyklamak üçin has köp gözleg geçirmegi meýilleşdirýärler. 5.Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy gyzgyn howanyň dowamynda öri meýdanlarynda ýangynlaryň döremek ähtimallygynyň ýokarlanmagy bilen bagly duýduryş bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlygy gullugy jogapkärçilikli adamlara we guramalara açyk meýdanlarda bolnanda görülmegi zerur bolan çäreleri ýatlatdy.

Dünýäde

6.Täjigistan we Eýran 10-njy awgustdan başlap, umumyraýatlyk daşary ýurt pasportlaryň eýeleri üçin wizasyz düzgün girizýärler.Iki ýurduň raýatlarynyň ilkinji gelen gününden başlap, 90 günüň dowamynda taraplaryň her biriniň çäginde wizasyz 30 gün bolmaga hukugy bardyr.

Birinji tapgyrda bu wizasyz düzgün Duşenbe Tähran we Tähran Duşenbe ugurlary boýunça awiagatnawlardan peýdalanýanlar üçin elýeterli bolar. 7.Golaýda Guançžouda ýerleşýän bir kompaniýa administratiw işçi wezipesine boş iş ornuny yglan etdi we bu internet giňişliginde gyzgalaňly çekişme döretdi.

Iş tejribesi we ofis programmalaryna erk etmek ýaly adaty talaplardan başga-da, bildirişde garaşylmadyk şert bardy: hytaý senenamasy boýunça it ýylynda doglan dalaşgärleriň ýüztutmalaryny tabşyrmazlygy talap edilýär.Bu talap Hytaýda sosial ulgamlarda tankyt tolkunyny döretdi we köp ulanyjy iş berijini şahsyýeti kemsitmekde günäkärledi. 8.

Türkmenistan milli ýygyndysynyň we Gonkongyň Kitçi toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Atletiko Madride garşy ýoldaşlyk duşuşygynda oýnady.Oýun 7-nji awgustda Gonkongyň milli stadionynda geçirilip, ispan ägirdiniň peýdasyna 6:1 hasabynda tamamlandy.

Mingazow başlangyç düzümde meýdança çykyp, 80 minut oýnady we Sofascore-dan 6,7 baha aldy.munuň özi topardaky dördünji iň gowy netijedir. 33 ýaşly ýarymgoragçy bu oýunda 100% takyklyk bilen 15 pas berdi, 3 ýer duelinde ýeňiş gazandy, 2 gödek hereket etdi we bir gezek derwezä urgy geçirdi.

Ýene degişli makalalar

China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär
Goşa ganatly ýel turbinasy
Kuleba: "Rus tarapy bilen gepleşiklere taýardyrys" diýdi
Hytaýda iri söwda ýarmarkasy geçýär
Hytaýdaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde azyndan 6 adam ýaralandy
Hytaýda howa şarlaryndan Beýik Hytaý diwaryny ýasadylar