
8-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ugrunda, Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, 29-njy iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow bu düzümleýin desganyň düýbüni tutmak dabarasynyň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.
Ýeri gelende bellesek, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 16-njy iýunda gol çeken Kararyna laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada Ukrainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Resminamada gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we awtomobil köprüsini hem-de onuň eltiji ýollaryny 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.