8 millionynjy elektromobil we Tailandda rekord möhletde gurlan zawod

Hytaýyň BYD awtoöndürijisi Tailandda täze zawod açdy. Şeýle hem kompaniýanyň täze energiýa çeşmesi bilen işleýän 8 millionynjy awtomobili konweýerden çykyp, “Tesla”-nyň yzyndan ýetdi. 16 aýda gurlan täze zawod ASEAN ýurtlaryna we beýleki sebitlere eksport üçin önümçilik bazasy bolar.

Elektromobil satuwynda dünýäde öňdebaryjylaryň üçlügine girýän BYD Günorta-Gündogar Aziýada ynamly ösüşi görkezýär. Ýurduň elektromobil bazarynda kompaniýanyň paýy 41%-e ýetdi.Zawodda BYD-nyň zarýad berip bolýan gibrid modelleri öndürilýär.

Bu bolsa geljekde kompaniýa bazardaky öňdebaryjylygyny berkitmäge kömek eder.

Aprel-iýun aýlarynda BYD 426 müňden gowak elektromobil ýerläpdir. Bu bolsa “Tesla”-nyň degişli döwürdäki üpjünçiliginden bary-ýogy 12 müň awtomobil azdyr. Ýakyn geljekde BYD-nyň dünýäniň iň öňdebaryjy elektroulag öndürijisi bolmagyna garaşylýar.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ýene degişli makalalar

Elektroulagda Aziýa öňde
“Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
Haýnan Hytaýda benzinli işleýän awtoulaglardan ýüz öwren ilkinji sebit bolar