8 Aýda Türkiýä 40 Million Syýahatçy Geldi

8 Aýda Türkiýä 40 Million Syýahatçy Geldi

Türkiýä üstümizdäki ýylyň ilkinji 8 aýlyk döwründe 40 million syýahatçy geldi.

Ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 7,11 göterim artyp 35 million 803 müň 874 adama ýetdi.

8 aýda daşary ýurtda ýaşaýan 4 million 492 müň 105 türk raýaty hem Türkiýä geldi. Şeýlelikde ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde Türkiýä jemi 40 million 295 müň 897 adam geldi.

8 aýda Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Russiýa 4 million 550 müň 588 adam bilen birinji, Germaniýa 4 million 385 müň 331 adam bilen ikinji, Britaniýa 3 million 102 müň 412 adam bilen üçünji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Mugla 11 Aýda 4 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi
Türkiýä 10 Aýda 47 Million 306 Müň Syýahatçy Geldi
Pamukgala 8 Aýda 1 Million 700 Müň Syýahatçy Geldi
9 Aýda Antalýa14 Million 71 Müň 412 Syýahatçy Geldi
Kappadokiýa 10 Aýda 4 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi
Antalýa 7 Aýda 9 Million 58 Müň Syýahatçy Geldi