Angliýada 1186-njy ýyldan bäri dowam edýän däbe görä, her ýyl guwlar sanalýar. 838-nji gezek geçirilýän bu çärede guwlaryň jüýjeleri bilen bir hatarda eýeleri hem hasaba alynýar.
Bu çäre her ýylyň iýul aýynyň üçünji hepdesinde, jüýjeleriň entek uçup başlamadyk wagtynda Temza derýasynyň 127 kilometrlik böleginde geçirilýär.Ilkinji gezek 1186-njy ýylda derýada ýaşaýan guwlar hususy eýeçilikden Patyşanyň hasabyna geçirilende bu guşlar sanalypdyr.
Bu döwürde guwlar maşgala bolup ýaşaýandygy üçin sanamak aňsat bolýar.Bu jandarlar 5 günüň dowamynda sanalýar.Guwlar hasaba alnanda olaryň jüýjeleriniň sagatlygyna seredilýär, ululygy we agramy ölçenýär.
Hasaba alnan guwlaryň aýagyna bellik goýulýar.
Irki döwürde barjamly adamlar guw saklapdyr. Olaryň çüňklerine kime degişlidigini görkezýän bellik goýlupdyr. Agramy 10 kilograma barabar bolan bu guşlar iýmit hökmünde saçaklary bezäpdir. Guwlaryň nesliniň dowam etmegi üçin olar her ýyl derýa goýberilipdir.
Kanuna görä derýanyň kenaryndaky ähli guwlar Patyşanyň emlägine degişli bolsa-da, umumy uzynlygy 346 kilometre ýetýän Temza derýasynyň diňe 130 kilometrlik bölegindäki guşlaryň hasaby çykarylýar.Patyşanyň ygtyýar bermegi bilen XV asyrdan bäri guwlary Dyers we Vintners kompaniýalary sanaýar.
Derýanyň degişli bölegindäki ozal bellik goýulmadyk guwlar Patyşanyňky diýlip hasaplanýar we bellik edilmezden suwa goýberilýär.Guwlaryň diňe narynç reňkli çüňki bolan görnüşi sanalýar.Guwlaryň sanalýan çäresine mekdep okuwçylary hem gatnaşyp, olara bu jandarlar barada maglumat berilýär.
Häzirki wagtda bu guşlar goralyp saklanýar.