78-nji Wenesiýa film festiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

78-nji Wenesiýa film festiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

11-nji sentýabrda 78-nji halkara Wenesiýa film festiwaly tamamlandy. Koreýaly režissýor Pon Çžun Ho-nyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary baýraklary esasy bäsleşige gatnaşan 21 adamyň arasynda paýlady. Festiwalyň ýapylyş dabarasy, däp boýunça, Lido adasynda geçirildi diýip, vesti.ru habar berdi.

Odri Diwanyň režissýorlyk eden “Hadysa” (Fransiýa) filmi 78-nji halkara Wenesiýa film festiwalynyň iň gowy filmi diýlip ykrar edildi. Emin agzalarynyň Gran Pri baýragy bolsa Paolo Sorrentinonyň režissýorlyk eden “Hudaýyň eli” filmine gowşuryldy.

Iň gowy režissýora berilýän Kümüş ýolbars baýragyna “Itiň güýji” filmi üçin Jeýn Kempion mynasyp boldy. Emin agzalary Penelopa Kruzy Pedro Almodowaryň “Parallel eneler” filmindäki janlandyran keşbi üçin iň gowy aktrisa hökmünde ykrar etdiler. Erik Mattiniň (Filippinler) “Işde: Ýitirim bolan 8” filminde baş keşbi janlandyran Jon Arsilýa iň oňat aktýor diýlip yglan edildi.

Beýleki baýraklar şu aşakdaky tertipde paýlandy: Iň oňat ssenariýa - režissýor Meggi Jillenhol ("Ýitirilen gyz", Gresiýa/ABŞ/Angliýa/Ysraýyl); Eminleriň ýörite baýragy - Mikelanjelo Frammartinonyň režissýorlyk eden "Gowak" filmi (Italiýa/Fransiýa/Germaniýa) . Ýeri gelende bellesek, 78-nji halkara Wenesiýa film festiwaly 1-18-nji sentýabr aralygynda Italiýada geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Wenesiýa kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi
“Olar içeri giräyse siz diri galmarsyňyz”
Türkmenistan London we Pekin bilen howa gatnawlaryny dikelder, Ýewropa kompaniýasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistana teklip berdi, Aşgabatda Antonio Onoratonyň döredijilik agşamy geçirildi we beýleki habarlar
Fijini sil basdy, Wenesiýanyň meşhur suw kanallary gurady
Dünýä ýurtlary Türkiyä goldaw bermäge dowam edýärler
Arassa energiýa üçin maýa goýum goýar