Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, 6-njy fewralda bolan we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinden soň 76 ýurtdan 7 müň 606 hünärmeniň gözleg we halas ediş işlerine gatnaşandygyny mälim etdi.
Ministr Çawuşoglu, Bosniýa-Gersegowinanyň Daşary işler ministri Elmedin Konakowiç bilen paýtagt Ankarada bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.
Bosniýa-Gersegowinanyň beren arkalaşyk ýüzlenmeleri we yzy ýanyndan ugradan gözleg we halas ediş toparlary bilen Türkiýä goldaw berendigini aýdan Çawuşoglu, “Bosniýa-Gersegowinadan 234 adamlyk 13 gözleg we halas ediş topary, ýer titremesiniň yzy ýanyndan Türkiýä geldi. Hataýda, Adyýmanda we Kahramanmaraşda 26 adamy harabalygyň aşagyndan çykardy. Ýer titremelerinde ejir çekenler üçin çadyr we nagt pul kömegini berdi” diýdi.
Halkara jemgyýetçiliginiň Türkiýä uly goldaw berendigine ünsi çeken Çawuşoglu “Hazire çenli 100-den gowrak ýurtdan kömek teklibi geldi. 76 ýurtdan 7 müň 606 adam gözleg we halas ediş işlerine gatnaşdy. Ýene-de iki ýurtdan 712 adamlyk toparyň gelmegine garaşylýar” diýip belledi.
12 ýurduň hünärmenleriniň gözleg we halas ediş işlerini tamamlap ýurtlaryna dolanandygyny aýdan Çawuşoglu, sebite ýardam beren ähli ýurtlara we guramalara sagbolsun aýtdy.
Türkiýe bilen arkalaşykly hereket edýändiklerini aýdan Bosniýa-Gersegowinanyň Daşary işler ministri Elmedin Konakowiç hem “Bosniýa-Gersegowinanyň toparynyň gözleg we halas ediş işlerine uly goldaw bermegi bizi buýsandyrýar” diýdi.