75 ýaşly gyrgyz welosipedli Türkmenistandan geçip, Türkiýä gider

75 ýaşly gyrgyz welosipedli Türkmenistandan geçip, Türkiýä gider

Gyrgyzystan Respublikasynyň Oş şäheriniň ýaşaýjysy, 75 ýaşly Mamyt Taştanow IV Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşmak üçin, welosipedli Türkiýä ugrady. Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň merkezi meýdançasynda ony syýahata ugratmak dabarasynyň bolandygyny kabar.kg habar berýär.

Bu çärä Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Oş sebitindäki doly ygtyýarly wekili Ziýadin Jamaldinow, Oş şäheriniň häkiminiň orunbasary Asasur Azimow, medeni işgärler, suratkeşler, Oş şäheriniň häkimliginiň işgärleri we halk köpçüligi gatnaşdy.M.Taştanowa Oş şäheriniň häkimligi tarapyndan maddy üpjünçilik kömegi berildi.

Tigir sürüjiniň ýoly 6 sany döwletden geçer: Özbegistan, Türkmenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Ermenistan we Türkiýe. Çäräniň esasy maksady, türk dilli halklarynyň dostlugyny berkitmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Antalýada gonuş wagty ýolagçy uçaryň hereketlendirijisi ýandy
Türki Dövletleriň Guramasy Älem Giňiligi Boýunça Hyzmatdaşlyk Ederler
Eýrandaky protestler dowam edýär
Täjigistan: Türkmenistana barýan demir ýol taslamasy durmuşa geçirilmelidir
Tennis boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy
F.Mogherini ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýurduň açylmagyna kömek etmegine bil baglaýar