75-nji ýylynda NATO

75-nji ýylynda NATO

1949-njy ýylda 12 ýurduň Waşingtonda “Demirgazyk Atlantik Ylalaşygyna” gol çekmegi bilen döredilen NATO-nuň 75 ýyllygyny belläp geçmek üçin liderler ABŞ-da duşuşdylar. 1949-njy ýyldan biziň günlerimize çenli jemi 32 agza ýeten NATO-nuň öňünde häzirki wagtda uly garşy durmalar bar.

Strategik taýdan pozisiýasyny berkidýan gurama agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar, harby çykdajylar we Russiýa-Hytaý ýaly ýurtlara bolan çemeleşmeleriň kesgitlenmegi möhüm meselelerdir.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

1949-njy ýylda 12 ýurduň Waşingtonda “Demirgazyk Atlantik Ylalaşygyna” gol çekmegi bilen döredilen NATO-nyň agza sany 32-ä ýetdi.Netijede Sowet howpuna garşy Ýewropanyň goralmagy üçin döredilen harby ýaranlyk Sowuk uruşdan soň Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen uzak ýyllar strategik näbelliligi başdan geçirdi.

Emma soň global terrorizme garşy göreş taýdan pozisiýa eýelän gurama, artýan rus we Hytaý howpuna garşy özüne strategiýa kesgitlemäge çalyşýana meňzeýär.

Ýokardaky üns çekiji sözler ABŞ-nyň Prezidenti Baýdene degişli.Baýden NATO-nyň 75 ýyllygy mynasybetli guralan sammitde NATO-nuň eýe bolan ähmiýetini, güýjüni we pozsiýasyny Russiýa-Ukraina urşy taýdan analiz etdi.

NATO uzak ýyllardan bari özüne pozisiýa kesgitlemegiň ugrunda.Dürli Ýewropa ýurtlarynyň öz harby we goranyş ulgamynda täze çykalgalar gözleýän döwründe NATO bilen bagly näbellilikler hasam artypdy.Makronyň şol meşhur sözi; “NATO-nyň beýnisi öldi”, ýagdaýyň nähili agyrdygynyny görkezmek taýdan möhümdi.

Emma Russiýanyň Ukrainany basyp almaga synanşmagy NATO-ny herekete geçirip, rus howpunyň öňüni almak üçin işe girişmäge başlady.Aslyna garalanda degişli syýasatyň awtorlary ýene ABŞ we Britaniýa boldy.

Emma materik Ýewropasy hem ýetilen sepgitde bu strategiýa goşulmaly boldy. Şeýlelikde ABŞ-Britaniýa bir tarapdan Russiýany ejizletme urşy we agyr sanksiýalar bilen silkip, beýleki tarapdan trans-atlantik gatnaşyklaryny gaýtadan ABŞ-nyň bähbidine dizaýn etmegiň hötdesinden geldi.

Emma bu howply syýasatyň başga netijeleri hem bar.

Gysyş edilmäge çalşylýan Russiýa günsaýyn Hytaýa ýakynlaşýan bolsa, ABŞ öz garşysynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň beýleki käbir agzalary bilen bilelikde Hytaý-Rus ýaranlygyny görmäge başlady. Global ulgam çylşyrymly günleri başdan geçirýän hem bolsa, bloklaşmanyň alamalatlary günsaýyn özüni görkezýär.

Ýene degişli makalalar

NATO iň çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär
Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
ABŞ, Germaniýa “Tomahawak” Raketalaryny Ornaşdyrar
“Parahatçylyk Üçin Hemaýatkärlige Taýar”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär