London Sitisiniň administrasiýasy (City of London Corporation) 74 gatly ofis diňniň gurluşygyny makullady. “Bu bina Beýik Britaniýada we Günbatar Ýewropada iň beýik bina bolan “The Shard” bilen bäsleşer” diýip, “Financial Times” neşiri habar berýär.
Londondaky “Lloyd’s of London” ätiýaçlandyryş bazarynyň ýolbaşçysy Brýus Karnegi-Braun we ýerli ýaşaýjylar diňiň gurluşygyna garşy çykandan soň, “1 Undershaft” diýlip atlandyrylýan gökdiräniň gurluşygy yza süýşürildi.Olar täze binanyň möhüm jemgyýetçilik ýeri bolan Sent-Helens-skweriň meýdanynyň gerimini azaltjakdygyny bellediler.
Taslamanyň maýa goýujysy “Aroland Holdings” we “Stanhope” kompaniýalary taslamany özgerdip, diňiň binýadynyň meýdanyny saklamak maksady bilen birinji gatyň ölçegini kiçeltdiler. “1 Undershaft” binasynyň gurluşyk işleri 2030-njy ýylda tamamlanyp, onuň beýikligi 309,6 metr bolar.
Binanyň belentligi Temzanyň garşy kenarynda ýerleşýän we 2012-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň iň beýik gökdiräni bolup hyzmat edýän “The Shard” diňi bilen deňdir.Diňiň taslamasynda 11-nji gatda ýaşyl zolak, syn ediş meýdançasy we çagalar üçin bilim merkezi göz öňünde tutulandyr.
Soňkusy London Muzeýi bilen hyzmatdaşlykda guralar. “Aroland Holdings” kompaniýasynyň esasy paýdary Singapurly milliarder Kuok Khun Gong bolup, ol dünýäde iň uly palma plantasiýalaryndan biri bolan “Wilmar International” azyk önümçiligi boýunça toparyň ýerine ýetiriji müdiridir. /* custom css */ .td_uid_15_6766073073eb3_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6766073073eb3_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }