72 ýaşly italiýaly ýolbelet Marko Polonyň ugry boýunça Hytaýa pyýada gitmekçi bolýar

72 ýaşly italiýaly ýolbelet Marko Polonyň ugry boýunça Hytaýa pyýada gitmekçi bolýar

Günortadaky Kampaniýa welaýatyndan 72 ýaşly italiýaly ýolbelet Wýenna Kammarota taryhda meşhur wenesiýaly täjir we syýahatçy Marko Polo (1254-1324) tarapyndan açylan “Ýüpek ýoly” ugrundan pyýada geçen ilkinji aýal bolup biler. Onuň 22 müň kilometrlik ýoly 15 ýurduň üstünden geçer we 2025-nji ýylda Pekinde tamamlanar.

Sişenbe güni Wenesiýadan başlanan italiýaly syýahatçynyň ugry Sloweniýanyň, Horwatiýanyň, Serbiýanyň, Bolgariýanyň, Türkiýäniň we öňki SSSR-iň, şol sanda Türkmenistanyň çäginden geçer diýip, Guardian habar berýär.

TASS-yň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Kammarota meşhur ýewropaly syýahatçynyň ýoluny gaýtalamak pikiriniň 5 ýyl mundan ozal dörändigini aýtdy. “Bu pikir germaniýaly ýazyjy Iogann Wolfgang fon Gýoteniň (1749-1832) beýan eden ugry boýunça syýahatymy tamamlanymdan soň peýda boldy.

Men şonda 2017-nji ýylda Çehiýadan Sisiliýa pyýada gitdim” diýip, ol aýtdy we Hytaýdan soň Afrikanyň günorta nokadyndan ugrap, dünýäni pyýada gezmek isleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

50 ýyldan gowrak wagt bäri Italiýanyň medeni we tebigy mirasynyň goragy bilen meşgullanýan Archeoclub D’Italia assosiasiýasynda bellenilişi ýaly, Wýenna Kamarota öň Palestinada, Ysraýylda, Madagaskarda hem-de Tibetde, Patagoniýada we Amazonka derýasynyň basseýninde pyýada gezelenç etdi. 2017-nji ýylda ol Karlowy Wary terk edip, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Messinada (Sisiliýa) öz syýahatyny tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly balyklary
Nikolaý Pržewalskiniň Merkezi Aziýa ilkinji syýahaty başlaýar
“Tibet Türkmen” berhizlik önümleriň önümçiligini ýola goýdy
Hytaý dünýäde iň beýik meteostansiýany gurnady
Ewerestde meteorologiýa stansiýasy gurlar
Hytaýda mundan 200 müň ýyl ozala degişli çagalaryň elleriniň yzlary tapyldy