Ispan awtoulag brendi SEAT esaslandyrylmagynyň 70 ýyllygy mynasybetli ýörite sergi gurady. Bu sergide diňe belli bir maksat üçin, ýeke-täk ýa-da az sanlysy öndürilen awtoulaglar görkezilýär. Ulaglaryň käbiri belli şahsyýetler üçin öndürilen bolsa, käsi nusgalyk görnüşde taýýarlanypdyr. Ine, ýol hereketinde gabat gelip bolmaýan ulaglaryň käbiri.
Elektrik energiýasy bilen işleýän Toledo. 1992-nji ýylda Olimpiýa oýunlary Barselonada geçirilýär.Iň uly halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasynda Olimpiýa alawynyň ýany bilen elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulag hem gidýär.
Adaty Toledo ulagy 1015 kilogram bolsa, elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşiniň agramy 1545 kilograma barabar bolupdyr. 16 sany batareýa oturdylan elektrokar bir gezekki zarýady bilen 55 km ýol geçip bilýär.
Bu ulag Olimpiýa oýunlarynyň soňky gününde geçirilen marafon ýaryşynda hem ulanylýar. Ýaryşda ýeňiji bolan 22 sany ispan türgeniniň her birine olaryň özleri üçin ýörite taýýarlanan Toledo Podium sowgat berilýär.
Ýeri gelende aýtsak, Olimpiýa oýunlary üçin ýörite enjamlar bilen bir hatarda awtoulaglar işlenip düzülýär. 1980-nji ýylda Moskwada geçirilen Olimpiýa oýunlary üçin RAF (Rīgas Autobusu Fabrika) mikroawtobusynyň üstüne Gün panelleri oturdylan, elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşi taýýarlanýar.
RAF-2910 atly bu ulag ýaryşlar tamamlanandan soňra güneşli ýurdumyza iberilýär.Bütinsoýuz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde türkmen geliotehnikleri Aşgabatda bu ulagy synagdan geçirmegi dowam etdirýärler.Has hem kämilleşdirilen RAF-2910 1983-nji ýylda sagatda 50 km tizlikde, bir gezekki zarýady bilen 100 km aralygy geçmäge ukyply edildi.
Myhmanlar üçin niýetlenen ulag. Kompaniýa 1956-njy ýylda önümçilik desgasyna gelýän myhmanlary aýlamak üçin 1400 Visitas atly ýokarsy açyk ulagy öndürýär. 2005-nji ýylda bu ulag täzelenýär. Ýörite modeliň täze dizaýnyny ozal bu ýerde zähmet çeken nepagadaky hünärmenler taýýarlaýar.
Üsti açyk miniawtobus. 1964-nji ýyla çenli zawoda gelen ýokary derejeli myhmanlar kiçi göwrümli SEAT 600 ulagy bilen aýlanýan eken. Italýan kompaniýasy Carrozzeria Savio bu modeliň üsti açyk görnüşini taýýarlaýar. SEAT Savio atly ulagyň yzky we öňki tigirleriniň arasy ýakyn bolansoň, zawodyň içindäki dar ýerlerde aňsatlyk bilen öwrülmäge mümkinçilik döredipdir.
Aýdymçynyň hormatyna döredilen ulag.Ispan kompaniýasy dünýä belli kolumbiýaly aýdymçy Şakiranyň hormatyna hem ulag öndürýär.Meşhur aýdymçynyň çagalar gaznasyna goldaw bermek maksady bilen, iki sany Leon CUPRA Pies Descalzos atly ulag döredilýär.
Ulaglaryň biri kompaniýanyň muzeýinde galdyrylýar.Beýlekisi haýyr-sahawat gaznasyna pul kömegini berenleriň arasynda geçirilen bije atyşlykda bijesi çykana gowşurylýar.Ulagy 1 ýewro pul kömegini beren bir talyp utýar.
Bir millionynjy SEAT 124.Kompaniýa awtoulag önümçiligine başlamagynyň 16-njy ýylynda bir millionynjy ulagy bolan SEAT 124-i öndürýär.Bu ulag işgärleriň arasynda bije çekilip, bijesi çykana sowgat edilýär.
Bu ulagyň Lada meňzemeginiň hem sebäbi bar.Italiýanyň Fiat kompaniýasynyň işläp taýýarlan modeliniň çala üýtgedilen görnüşi Russiýanyň Samara Oblastyndaky Tolýatti şäherinde Žiguli ady bilen öndürilýär. Şol bir modelden Ispaniýa bilen bir hatarda Polşada we Argentinada hem satylýan sebitiniň ýol-howa şertlerine görä üýtgedilen görnüşleri öndürilýär.
Daşarky bazara Lada brendi bilen satylan bu ulag Ukrainada we Müsürde hem öndürilýär.
Rekordsmen ulag. 2014-nji ýylda SEAT Leon CUPRA SC 280 ulagy Germaniýanyň Nýurburgring trassasyny 8 minutdan az wagtda geçýär. Bu görkeziji öň tigirleri aýlanýan ulagyň görkezen iň ýokary netijesi bolýar.
Ilki garda, soň ýerde. Kompaniýa 2017-nji ýylda Ateca Mattracks atly tigriniň ýerine zynjyr oturdylan ulagyny tanyşdyrýar. Aslynda, garda sürmek üçin niýetlenen ulagyň tigirli görnüşi Ateca 2.0 TDI 190 PS 4Drive ady bilen köpçülikleýin öndürilýär we satuwa çykarylýar.