7 ýaşyndaky türkmenistanly çaga ilkinji gezek Türkiýede eşidip we gepläp başlady

7 ýaşyndaky türkmenistanly çaga ilkinji gezek Türkiýede eşidip we gepläp başlady

7 ýaşyndaky türkmenistanly Umyt ilkinji gezek Türkiýede eşidip we gepläp başlady.Türkiýäniň “Haberler.com” neşirinde çap edilen habara görä, lebaply Gözel Bahtyýarowanyň we Bahtyýar Bahtyýarowyň ogly Umyt alty aýlyk wagty gyzgynynyň aşa galmagy netijesinde eşitmek we gürlemek mümkinçiliginden mahrum bolýar. “Umydyň ejesi we kakasy bu barada çaga 1 ýarym ýaşyna ýetende bilýär. Şondan soň maşgala çagany Türkmenistanda ençeme lukmana görkezýär, emma netije alyp bilmeýär. Öz ýurdundaky lukmanlaryň çaganyň eşitmek we gürlemek mümkinçiliginden müdimilik mahrum bolandygyny aýdansoň, maşgala Umydyň saglygyna seretdirmek üçin Türkiýä gelýär” diýlip, habarda aýdylýar.

Adylmagyna görä, mundan ýedi aý ozal türk keselhanasynda gulak, burun we bogaz keselleri boýunça professor Özjan Öztürk tarapyndan edilen Koklear Implant (Biýonik Gulak) operasiýasyndan soň, Umyt eşidip we gürläp başlaýar.

Gözel Bahtyýarowa Umydyň eşidip, gürläp başlajakdygyndan tas umydyny üzendigini aýdyp, ilkinji gezek “eje” diýende, köp aglandygyny belleýär. 7 ýaşynda täze doglan çaga ýaly harplary, sanlary, reňkleri öwrenen Umydyň maşgalasy onuň saglyk bejergisi başlandan bäri Türkiýede ýaşaýar.

Gözel Bahtyýarowa mundan öň Umydyň “öýden çykmagy halamaýandygyny, hiç dostunyň bolmandygyny” aýdyp, häzir onuň türk mekdebine gidip başlandygyny belleýär.Soňky ýyllarda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda täze keselhanalaryň, şol sanda anyklaýyş merkezleriniň ýa-da Ene mähri ýaly hassahanalaryň onlarçasynyň gurulandygy habar berilýär. Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi täze gurulýan desgalaryň talabalaýyk bejergi berip bilmeýändigini, hatda saglyk işgärleriniň goýlan gurallardan hem peýdalanyp bilmeýändigini we bu keselhanalaryň adaty raýatlaryň güýç ýeterinden gymmatdygyny aýdýarlar.

Mundanam başga, raýatlar medisina bilimini berýän okuw jaýlarynda parahorlugyň giň ýaýrandygyny belläp, ýerli lukmanlaryň näsaglara ýalňyş diagnoz goýmak we olara bolmalysyndan düýpden başga bejergileriň bellenmegi ýaly wakalaryny nazara alanyňda, saglyk hyzmatlary barada entek edilmeli işiň kändigini nygtaýarlar. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmen zenany Türkmenistandaky lukmanlaryň özüne içegede rak keseliniň ýaýrandygy barada diagnoz goýandygyny, emma türk lukmanlarynyň onda hiç hili rak keseliniň ýokdugyny, ýatgyda ýeňil operasiýa bilen bejerilmeli ýeriň bardygyny aýdandygyny gürrüň beripdi.

YouTube saýtynda türkmen raýatlarynyň Türkmenistanda bejergi tapyp bilmän, daşary ýurtlaryň, şol sanda Hindistanyň keselhanalarynda agyr kesellerinden saplanandyklaryny gürrüň berýän wideo ýazgylar hem peýda boldy. Şeýle-de, soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň saglygyny bejertmek üçin daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä, Hindistana sapar edýändigi hem aýdylýar. Ýöne şol bir wagtda-da, türkmen häkimiýetleriniň saglygyny bejertmek üçin daşary döwletlere sapar etmäge synanyşýan türkmenistanlylary ýurtdan çykarmaýandygy barada hem Azatlyk Radiosy birnäçe gezek habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Kalby buýsançly ýaşlar
Rowachlan Galkynysh tikin kärhanasyna işgärleri ýygnap başlaýar
Bilim beýik geljegiň binýady
Çukanak ýollar sürüjileri jowrandyrýar