7-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

7-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, Aşgabatda Rus diliniň güni bellenildi we beýleki habarlar Türkmenistanda

1. 6-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. 2.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy esasynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri Hydyrow Muhammet Allamyradowiçe käýinç yglan edildi. 3.Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Nuryýew Ýazgeldi Bäşimowiçe berk käýinç yglan edildi. 4.

Rus diliniň güni we beýik şahyr we ýazyjy A.S.Puşkiniň doglan gününiň 225 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda dabaraly çäre geçirildi.Dabara Aşgabadyň ýaşaýjylary, şeýle hem Bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

Baýramçylyk mynasybetli çagalar dünýäniň dürli dillerinde Puşkiniň goşgularyny okadylar.

5.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde welaýatyň awtoulag kärhanasyna täze ýolagçy awtobuslarynyň 200 sanysynyň açaryny gowşurdy.Daşoguzawtoulag önümçilik birleşiginiň tehniki parky welaýatyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli hyzmat etmek üçin niýetlenen orta we kiçi derejeli täze we häzirki zaman ýolagçy awtobuslary bilen dolduryldy. 6.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi atly taslamasy birnäçe tanyşdyryşlar we çäreler bilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi belleýär.

Taslamanyň hünärmenleri 4 12-nji iýun aralygynda geçirilýän birnäçe çärelerede tanyşdyryşlar bilen çykyş etdiler.

Dünýäde 7.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy dünýäde ilkinji gezek adamyň guş dümewi bilen keselländigini we munuň ölüm bilen tamamlanandygyny yglan etdi.Meksikanyň Mehiko şäheriniň 59 ýaşly ýaşaýjysy keselhana ýerleşdirildi we 23-nji maýda onda wirus ýüze çykaryldy.

Adamyň A(H5N2) guş dümewi kesellemegi seýrek, ýöne örän çynlakaý ýagdaýdyr.guş dümewinň wirusy adatça adamdan adama geçmeýär, ýöne adamlar kesellän guş ýa-da onuň eti bilen göni galtaşykda keselläp bilerler. 8. Ýerde adam işjeňligi sebäpli ýüze çykan Ählumumy ýylylyk tizleşdi.

Bu barada Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara bilermenler toparynyň Earth System Science Data žurnalynda çap edilen gözleginde bellenilýär.Adam işjeňligi sebäpli ýüze çykan ýylylyk 2014 2023-nji ýyllaryň dowamyndaky onýyllykda 0,26 gradusa ýetip, örän ýokary tizlik bilen artýar.

Sport habarlary

9.Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Dünýä çempionaty 2026-a ikinji saýlama ýaryşyň 5-nji tapgyrynyň çäklerinde Özbegistanyň ýygyndysy bilen bolan duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi.

Duşuşygyň Daşkent şäherinde geçirilendigini we ýer eýeleriniň 3:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanandygyny ýatladýarys.Biz meýdanda gowy oýun görkezmäge çalyşdyk.Utulyşymyzyň sebäbi ― goragymyzdaky ýalňyşlyklar.Ozal hem aýdyşym ýaly, özbek ýygyndysy ýalňyşlyklary bagyşlamaýar.

Biz öz üstümizde işlemegi dowam etdireris. Ýalňyşlyklarymyzy azaltmak üçin yhlas ederis.

Ýene degişli makalalar

Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Ýapon alymlary adamlarda täze diş çykarmagyň usulyny oýlap tapdylar
Täze diş çykarmagyň tärini oýlap tapdylar
Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler
Ýitirilen şäher tapyldy
Meksikada maýýa imperiýasynyň döwrüne degişli ýitirilen şäher tapyldy