7 Aýda Stambul Şäherine 10 Million 467 Müň Syýahatçy Geldi

7 Aýda Stambul Şäherine 10 Million 467 Müň Syýahatçy Geldi

Stambul şäherine üstümizdäki ýylyň ilkinji 7 aýlyk döwründe 10 million 467 müň 313 syýahatçy geldi.

Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, şähere 2023-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda 9 million 776 müň 635 syýahatçy gelipdi.

Şähere gelen syýahatçylaryň sany 7 göterim ýany 690 müň 678 adam artyp 10 million 467 müň 313 adama ýetdi.

Iýul aýynda şähere gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň iýul aýy bilen deňeşdirilende 2 göterim artyp 1 million 905 müň 146 adama ýetdi.

2023-nji ýylyň iýul aýynda Stambul şäherine daşary ýurtly 1 million 873 müň 97 syýahatçy gelipdi.

Iýul aýynda Stambula gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda ruslar 192 müň 18 adam bilen birinji orny eýeledi.

Russiýadan soň sanawda 153 müň 861 syýahatçy bilen Germaniýa ikinji, 114 müň 412 syýahatçy bilen ABŞ üçünji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Antalýa 8 Aýda 11 Million 731 Müň 937 Syýahatçy Geldi
Türkiýä 7 Aýda 29 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi
Pamukgala 8 Aýda 1 Million 700 Müň Syýahatçy Geldi
Antalýa 7 Aýda 9 Million 58 Müň Syýahatçy Geldi
Antalýa 5 Aýda 4 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi
Stambula 3 Aýda 3 Million 766 Müň 718 Syýahatçy Geldi