Häzirki wagtda hemme ýerde elýeterli bolmasa-da aragatnaşygyň bäşinji nesli (5G) dünýäniň ösen ýurtlarynyň iri şäherlerinde bar. Çykandygyna birküç ýyl bolandygyna garamazdan, 5G entek o diýen köp ýaýramady. Şeýle-de bolsa eýýäm hünärmenler 6G-niň aladasyny edýär.
Aragatnaşygyň nobatdaky nesliniň tizliginiň 5G-den 1000 esse ýokary boljakdygy bellenilýär.Maglumatlara görä, 6G tehnologiýasyna degişli 38 müň töweregi patent ýüztutmasy hasaba alnypdyr.Bu patentleriň 13 müň 449 sanysy Hytaý kompaniýalaryna degişli.
Bu bolsa, 35%-e gabat gelýär.Patent almakda ikinji ýerde amerikan kompaniýalary (18%) bar.
Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szun golaýda 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyň üstünde işläp başlandygyny belledi.
Günorta Koreýanyň hökümeti 2030-njy ýyla çenli 6G ulgamyny täjirçilik maksatly görnüşini ýola goýmagy göz öňünde tutýar. Ýurt 5G torunyň ornuny tutjak 6G-niň ykjam tehnologiýalary ösdürmek üçin täze strategiýasyny yglan etdi. Ýurduň öňdebaryjy kompaniýalary bolan “Samsung” we LG” bu ugurda iş alyp barýarlar.
Golaýda Hytaýyň ZTE kompaniýasy awtonom tor, sanly goşa tor, 6G torunda amal etmegiň kuwwaty, tizlik tehnologiýasy ýaly ugurlarda 6G tehnologiýasyna degişli birnäçe barlaglary geçirdi. “Nokia” we “Ericsson” kompaniýalary hem 6G synaglaryny geçirýär. Kompaniýalar 2030-njy ýyla çenli 6G-ni täjirçilik maksady bilen ýola goýar. 6G tehnologiýasynyň ilkinji nusgasyny 2026-njy ýyla çenli taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Agaserdar HÜMMEDOW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.