65 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

65 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Maltanyň, Gruziýanyň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, şeýle hem Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň telekeçileri aşgarlanmadyk nah matany satyn aldylar.Geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy.

Ýurduň işewürleri bolsa içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 584 müň manada deň bolan polipropileni (Türkmennebit döwlet konserni) satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-da penşenbe güni $19,7 millionlyk mazut satyldy
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
TDHÇMB-nyň söwdalarynda nebit-himiýa önümlerine uly isleg bildirildi
UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi
Kuşadasyna 3 Kruiz Gämisi Geldi
ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň Palestinany ykrar etmegi meýilleşdirýändigi öňe sürüldi