“Porsche” kompaniýasy täze awtoulag çyrasyny işläp taýýarlady.Bu çyra şeýle bir ýagty welin 600 metre çenli öňüni ýagtyldýar.Lýuks awtoulag öndürijisiniň işläp taýýarlan lampasy häzirkilerden iki esse ýagty bolmagy bilen tapawutlanýar.
Täze çyra “geljek nesliň ýagtylyk tehnologiýasy” diýlip tanyşdyryldy.Müňlerde LED çyrajyklardan emele gelen lampa uzak aralygy ýagtyldýan hem bolsa gözüňi gamaşdyrmaýar. Çyra 16 müňden gowrak aýratynlykda gözegçilik edip bolýan mikro LED-lerden emele gelen çipden ybarat. Şeýle ýagty hem bolsa, çyranyň elektrik energiýasyny has tygşytly sarp edýändigi mälim edildi.
Has ösen tehnologiýa bilen üpjün edilen çipler öňünden gelýän ulagy hem görüp, diňe şol tarapa düşýän ýagtylygy azaldýar.
Ýusup Muradow, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyby