60 ýyl soň gazanylan ilkinji kubok

UEFA Ýaşlar Ligasynda “Benfika” topary çempionlyk gazandy. Şweýsariýanyň Nion şäherinde oýnalan finalda “Benfika” topary Awstriýanyň “RB Salsburg” toparyny 6-0 hasabynda ýeňdi.Duşuşykda Henrike Arauho (15, 57, 89 p) het-trik edip, toparynyň ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnady.

Portugal klubunyň beýleki gollaryny Neto (2), Ndur (53) hem-de Semedo (69) derwezä girizdi. Şeýlelikde, “Benfika” topary 2017-nji ýyldaky finalyň aryny almagy başardy.Topar şonda “RB Salsburgdan” 2-1 üstün çykdy.

Bu kubogy ilkinji gezek eýelän “Benfika” mundan öň 3 gezek finalda asgyn gelipdi. 2014-nji ýylda “Barselonadan” 3-0, 2020-nji ýylda-da “Real Madridden” 3-2 utulan “Benfika” topary “Portodan” soň bu kubogy eýelän 2-nji portugal kluby boldy.

Şeýle bu “Benfika” topary UEFA-nyň ýaryşlarynda 1962-nji ýyldan soň ilkinji gezek kubok gazandy. Topar şol ýyldan bäri ençeme gezek finala çyksa-da, olara kubok gazanmak başartmandy. Topar 2010-njy ýylda UEFA futzal Kubogyny gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
16 duşuşyk 48 gol
Günüň transfer täzelikleri
29 ýyldan soň UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da italýan klublary finalda
Şu gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 5-nji tapgyra badalga berler
EURO 2028-iň geçiriljek ýeri belli boldy