6-njy oktýabr Hatyra güni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri peder ýolunyň dowamata atarylýan ajaýyp zamanydyr.Mert pederleriň ruhuny kalbynda göterýän halkymyzyň geçmiş taryhyna bolan sarpasy hem beýikdir.Hormatly Prezidentimiziň Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir diýen sözleri täze taryhy eýýamda Watana, halka ak ýürekden hyzmat eden milli gahrymanlarymyza, ruhy pederlerimize çäksiz sarpanyň beýanydyr.

Gökdepe galasyny goran ata-babalarymyzyň, 19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň hatyralanmagy pederlerimiziň milli ýörelgelerinden gaýdýan däp-dessurlarynyň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenip geçilmegi täze taryhy döwürde ýaşlary watansöýüjilik, ata-baba ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge mümkinçilik berýär.

Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz diýlişi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, baky Bitaraplygynyň düýp esaslarynyň ata-baba arzuwyndan binýat bolandygyny aýratyn bellemek möhümdir.

Ata Watanymyzyň paýtagtynda türkmen halkynyň taryhynda müdimilik yz galdyran wakalaryň mizemez sütüni hökmünde bina edilen Halk hakydasy ýadygärlikler toplumy nesilleriň arasyndaky özara baglanyşygyň beýanydyr. Ruhy tagzym, Milletiň ogullary, Baky şöhrat ýadygärliklerine her ýylda bellenilýän Hatyra gününde ildeşlerimiz tagzym edip, Watan gahrymanlaryna özleriniň synmaz sarpasyny beýan edýärler.

Öten-geçenleri hatyralamak we olaryň ruhlaryny şat etmek halkymyzyň ençeme ýyllardan bäri dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir.

19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan üçin başlaryny orta goýan mert ýigitleriň gahrymançylygy nesilleriň hakydalarynda müdimilik ýaşaýar.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijede bolup geçen Aşgabat ýertitremesi müňlerçe adamlaryň ömür tanapyny kesdi.

Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny dowam etdirmäge ýardam berýär. Ýadygärlikler toplumynyň öňünde ýertitremede gurban bolanlaryň hem-de söweşlerde wepat bolan esgerleriň hakydasyna ýatlama çäreleri geçirilýär.

Watan gerçeklerini ýadyňa salyp duran Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna sylag-sarpadan doly göwünlerimizi ýatlamalara eýläp, elimiz gülli barýarys. Olara, geçen günlere bolan hormatymyzy gülleriň üsti bilen beýan edýäris. Çünki olar eziz Watanymyzyň hatyrasyna gül ömürlerini pida etdiler. Gül ýaly durmuşymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin janlaryny gurban etdiler. Goý, olaryň her biriniň ýatan ýeri ýagty bolsun!

Ýurdumyzda wepat bolanlaryň hatyrasyna berilýän sadakalar we doga-dilegler kabul bolsun! Gadymy türkmen topragynda hemişe parahatçylyk we agzybirlik höküm sürsün!

Gunça MYRADOWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Hatyra kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy
Hatyra kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
Türkmen arhiwi žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy