Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 6-njy tapgyryň çäklerinde soňky çempion “Napoli” öz meýdançasynda “Udineze” toparyny 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Duşuşykda çempionyň 3-nji goluny 74-nji minutda Hwiça Kwaresheliýa geçirdi. Şunlukda, bu gol 22 ýaşyndaky gruziýaly ýyldyzyň 6 aýdan soň geçiren ilkinji goly boldy.
Ol şol degişli döwürde hem “Napolide”, hem-de Gruziýanyň ýygyndysynda 23 duşuşykda ýeke gezek hem tapawutlanmandy.Ol soňky gezek şu ýylyň mart aýynda “Torinonyň” derwezesini sarsdyrypdy.
Kwaresheliýa “Udineze” duşuşygyndan soň: Ahyry gola gaýdyp gelenim üçin örän şat. Ýogsam 6 aýlap gol geçirmezlik maňa aň taýdan zyýan ýetirip başlapdy. Ine, indi arkaýynlaşdyk diýip, gürrüň berdi.
Kwaresheliýa “Udineze” duşuşygynda 4-nji goluň hem pasyny berip, duşuşygy 1 gol, 1 asist bilen tamamlap, toparynyň uly hasaply ýeňşine uly goşant goşdy.