5G tehnologiýasyndan nämä garaşmaly?

Ilki bilen, tizlik babatda düýpgöter ösüş bolar.Bilermenler bu tehnologiýanyň ak-gara telewizordan reňkli telewizor döwrüne geçilendäki ýaly üýtgeşiklik boljakdygyny belleýärler.Emma, häzirki bar bolan telefon applikasiýalarynda ýa-da kompýuter programmalarynda o diýen üýtgeşiklik döretmez.

Kompýuter we mobil enjam programmalaryny ulanmak üçin 4G tehnologiýasy hem ýeterlik. 5G tory sekuntda 2 gigabaýta ýetýän tizlikde işlär.Bu bolsa, awtonom ulaglar, hyýaly hakykat tehnologiýasy we jisimleriň interneti ýaly ugurlarda has köp üstünlik gazanylmagyna itergi berer.

Sebäbi bu ugurlarda köp zatlaryň ösmegini häzirki internet tizliginiň “pesligi” bökdeýär.Has ýokary, tizlikli internet bu ugurda görnetin ösüş gazanylmagyna getirer.“OnePlus”, “Samsung”, LG, “Google”, “Asus”, “Xiaomi”, “Nokia” (HMD) we beýleki birnäçe kompaniýalar gysga wagtda 5G tehnologiýasynda işleýän telefonlary öndürjekdiklerini mälim etdiler.

Geljekde nähili programmalaryň dörejekdigini öňünden aýtmak aňsat däl, emma hyýaly hakykat tehnologiýasynda uly öňegidişlik gazanyljakdygy ikuçsuz.Tehnologiýanyň häzirki ýeten derejesinde mobil internet hemmeler üçin elýeterli bolsa-da, entek ýeterlik derejede arzan däl. Öý ýa-da iş ýerleri üçin niýetlenen ýokary tizlikli interneti bolsa, elýeterli bahadan hödürlemäge mümkinçilik berýär. 5G infrastrukturasynyň döredilmegi bilen has ýokary tizlikli interneti amatly bahadan satmaga mümkinçilik dörediler.

Bu hyzmaty simkartyň üsti bilen hödürläp bolar.Bu bolsa, ýokary hilli internet hyzmatyny ýaýratmak üçin kabelleri täzelemek zerurlygyny aradan aýrar.Emma täze çykýan tehnologiýanyň ilkibaşda gymmat bolşy ýaly, 5G bilen işleýän telefonlar o diýen arzan bolmaz.

Belli bir wagtdan soň, bu tehnologiýa hem hemmeler üçin elýeterli bolar.Hünärmenler munuň üçin bir-iki ýyl garaşmaly boljakdygyny aýdýarlar.Golaýda bu barada taýýarlanan maglumatda 2023-nji ýyla çenli dünýäde 5G abunaçylarynyň sanynyň 1 milliarda, ondan soňky ýylda 1,5 milliarda ýetjekdigi aýdylypdy. 2024-nji ýylda dünýä ilatynyň 40 göteriminiň ýaşaýan ýerlerinde 5G tory bolar. Şonda ähli mobil maglumat akymynyň dörtden biri 5G arkaly amala aşyrylar. 5G tehnologiýasy enjamlaryň arasynda adamlaryň goşandy bolmazdan dowam edýän internet üçin hem ähmiýetli bolar. Ýaponiýa 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryndan öň 5G tehnologiýasyny doly taýýar etjekdigini mälim edipdi.

Entek 5G ülňülerine gabat gelýän telefon satylmaýan hem bolsa, dünýäniň käbir şäherlerinde 5G aragatnaşyk tehnologiýasy hödürlenip başlandy.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
“CES 2019”: geljegiň tehnologiýasynyň duşuşýan ýeri
Ilkinji 5G-li kompýuter
“Galaxy Note20 Ultra” : iň gowy ekranly telefon