Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasyny, aragatnaşyk operatory Elisa-ny we prosessor öndürijisi Qualcomm-y öz içine alýan konsorsium golaýda täze 5G tizlik rekordyny goýdy.
Tizlik synagy Elisa-nyň Helsinki şäherindäki dükanlarynyň birinde geçirildi.Bu synagda Nokia-nyň 5G mmWave tehnologiýasy, Qualcomm-yň synag üçin ulanýan iki sany 5G goldawly smartfony we Elisa tarapyndan halka ýetirilýän 5G interneti ulanyldy.
Synagda her smartfonyň internet aragatnaşygy sekuntda 4 gigabaýta, umumylykda sekuntda 8 gigabaýta çenli artdy.Hünärmenleriň pikirine görä, ulanyjylar indiki ýyldan başlap, şeýle ýokary tizligi bolan 5G tehnologiýasyndan peýdalanyp bilerler.
Esasan, Finlýandiýanyň we Estoniýanyň müşderilerine hyzmat edýän Elisa kompaniýasynyň häzirki wagtda üç milliona golaý müşderisi bar. 2019-njy ýylda dolanyşygyny 1,84 milliard ýewro ýetiren bu kompaniýa 2020-nji ýylyň ahyryna çenli dolulygyna ekologiýa taýdan arassa bolmagy maksat edinýär.
Elisa bilen bir hatarda ýene bir fin kompaniýasy bolan Nokia 5G tory bilen üpjün etmekde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar.Konsorsiumyň üçünji gatnaşyjysy bolan Qualcomm kompaniýasy bolsa, esasan, simsiz internet üçin niýetlenen modem tehnologiýasy, şeýle hem smartfonlar üçin öndürýän çipleri bilen meşhurdyr.
The post 5G-de täze rekord appeared first on Zaman Türkmenistan.