53 gatly kaşaň binanyň gurluşygyna badalga berildi

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Şençžen şäherinde “China International Marine Containers Group” (CIMC) kompaniýasynyň täze ştab-kwartirasynyň gurluşygyna badalga berildi.Beýikligi 270 metr bolan ägirt uly binanyň esasy aýratynlygy diňiň içinde birnäçe gatdan ybarat jemgyýetçilik üçin niýetlenen ýaşyl zolak bolar.

Kaşaň binada dürli ofisler, şeýle hem 60 müňden gowrak işgär üçin niýetlenen söwda we konferensiýa otaglary ýerleşer.Binadaky ýaşyl zolak işgärlere daşary çykman günortanlyk arakesmesinde tebigatda dynç almaga we Sýanhaý aýlagynyň panoramaly görnüşlerine tomaşa etmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem belent binanyň üçeginde baglar bolar.

Bulardan başga-da, bu bina yşyklandyryş üçin energiýa sarp edilişini azaltmak, ýagyş suwlaryny ýygnamak we galyndylary arassalamak maksady bilen “akylly” sensor ulgamlary bilen abzallaşdyrylar.Taslama daşky gurşawa zeper ýetirmez we serişdeleri tygşytlar.

Binanyň gurluşygyny 2029-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy /* custom css */ .td_uid_15_67411d3594ec6_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67411d3594ec6_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Dünýädäki iň uly Legoland seýilgähi 2024-nji ýyla çenli Şençžende gurlar
Gonkongda täze Greater Bay Airlines awiakompaniýasy döredilýär
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Lissabon geljegiň şäheri
Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi
Geljekde haýsy şäherlerde uly innowasiýa üstünlikleri bolup biler?