500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar V Aziýadanyň alawyny Aşgabada getirdiler

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Nusaý döwlet taryhy-medeni goraghanasynda badalga berlen 500 günlük atly ýörişi dabaraly tamamlandy. Şonda bu ägirt uly ýörişiň başlanmagy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna diňe watandaşlarymyzyň müňlerçesi däl-de, eýsem Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly işgärleri gatnaşdylar.

Ine, bu gün bolsa—şol wakadan 500 gün geçenden soň—atly ýörişe gatnaşyjylar ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki baýramçylyk lybasyna beslenen Ahalteke atçylyk toplumyna geldiler. Bu ýerde ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ýaşululary, kümüş saçly eneler, çagalar, köpsanly myhmanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary dabaranyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp durlar.

Bu pursat V Aziýa oýunlarynyň alawuny kabul etmäge taýýar bolup duran Aşgabat şäherinden atlylaryň 17-si üçin aýratyn tolgundyryjy boldy.

Nusaý galasynda ýola düşen jigitleriň atly ýörişiň başynda Ahal welaýatynda ýerleşen gadymy Paryzdepäniň ýanynda olaryň ilkinji duşuşygy bolupdy. Soňra atlylar Yzgant obasyna tarap ugrap, gadymy “gumly” obalaryň (Derwezäniň golaýy) hem-de Garagumuň jümmüşinden ýerleşen Içoguz demirýol menziliniň deňinden geçdiler. Şeýle hem olaryň ýoly uzak garaşdyran sport baýramçylygynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiziň dogduk obasy--Babarabyň üstünden geçdi.

Baharly etrabyndaky Nohur obasy bolsa Ahal welaýaty boýunça geçýän ýoluň jemleýji nokady boldy.Soňra ýöriş Balkan welaýatyna geçdi: Parawbibi taryhy-medeni ýadygärliginden uzakda bolmadyk Serdar etrabynyň dolandyryş merkezinde Aziada 2017-niň alawyny, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de AOG-nyň baýdagyny gowşurmak dabarasy boldy.

Atlylar birnäçe ilatly ýerlerden, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen obalaryň (Etrek etraby) üstünden geçip, Uzboýyň gadymy hanasynyň ugry bilen ýörediler hem-de Mollagara kölüne, soňra bolsa Awazanyň çägeli kenara çykdylar.

Daşoguz welaýaty taryhy goraghanalarynyň ençemesi bilen tanalýar. Bu ýerde atlylar Şasenem galasynyň we Akja galanyň ýanynda saklandylar, şeýle hem Aşyk Aýdyň Piriň kümmetine zyýarat etdiler. Gaplaňgyr Döwlet tebigy goraghanasy hem-de “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasy atlylaryň ýolundaky iň gözel ýerleriň biri boldy. Atly ýörişe gatnaşyjylar Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çägindäki Bagtyýar zaman atly döwrebap oba hem bardylar.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary atlylary baýramçylyk lybasyna beslenen derwezäniň ýanynda mähirli garşyladylar, şondan soň atlylar Gazojak şäherine tarap ugradylar, bu ýerde olara uly baýramçylyk garaşýardy. Nobatdaky 100 günüň dowamynda “Aşgabat 2017-niň” nyşanlary Amyderýa jülgesiniň şäherleridir obalary, şeýle hem Kerwensaraý, Daýahatyn ýaly ýadygärlikleriň, Astanababa, Alamberdar kümmetleri, Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň bilim alan Idrisbaba medresesi ýaly ýadygärlikleriň çäklerinden geçirildi.

Soňra atly ýöriş Mary welaýatyna baryp ýetdi. Esasy dabaralar onuň dolandyryş merkezinde bolup geçdi. Gadymy Merwiň gözel ýerleri hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlaryny alyp barýan atlylaryň baryp gören ýeri boldy.

7-nji sentýabrda-- Oýunlaryň açylmagyna 10 gün galanda Mary welaýatynda we paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri geçirildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralan teleköpri bolsa olaryň arasyndaky gatnaşygy üpjün etdi.

Atly ýörişe gatnaşyjylaryň biri peýkamy asmana Güne tarap gönükdirip, ýaýy atýar. Mawy asmanda nur saçyp duran Gün şöhleleri peýkamyň ujunda uçgun döredýär. Gün nurundan ot alan peýkam asmandan ýere inip, ak öýüň ortasyndaky ojar odunly ojaga düşýär. Ojakdaky ojar tutaşyp, ataş ýanyp başlaýar.

Ojakda lowurdap ýanýan ataşdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar. Soňra atlylaryň 17-si ýoluny elleri alawly dowam edýärler.

Şu gün bolsa, uzak ýol geçen Mary welaýatynyň jigitlerini Aşgabat şäheriniň ýaşululary, kümüş saçly eneleri mähirli, duz-çörek bilen garşylaýarlar. Atlylaryň gelmegi mynasybetli däbe görä, ýüzärlik tütedilýär, gyzlar mele-myssyk nan, pişme hödür edýärler.

Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynyň artistleriniň çykyşlary dabara baýramçylyk äheňini çaýýar, olar “Magtymguly” operasyndan çykyşy ýerine ýetirýärler.

Soňra dowamly bu ýere ýygnananlaryň dowamly el çarpyşmalary astynda Oýunlaryň alawuny, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baýdagyny jigitlere gowşurmak dabarasy boldy.

Aşgabat Aziadasynyň alawuny hem-de nyşanlaryny kabul eden atlylaryň 17-si dabaraly owazyň astynda güller bilen bezelen ýol boýunça paýtagtymyza tarap ugur alýarlar, ýoluň ugrunda ýörite sahna gurnalyp, onda döredijilik toparlary “Aşgabat” atly aýdymy ýerine ýetirýärler, tans toparlary joşgunly tans edýärler. Şeýle hem bu ýerde Aşgabat şäheriniň gözellikleriniň kiçi nusgalary, Aziýa oýunlaryna girýän sportuň 21 görnüşini şekillendirýän howa şarlary bilen giň görnüşli bannerler oturdyldy.

“Ýanardag” binasynyň ýanynda atlylary deprekçiler topary garşylaýarlar. Soňra jigitleri ýol bilen awtoulag kerweni ugradýar. Asmana parahatçylygyň, dostlugyň we doganlygyň wekilleri bolan ak kepderileriň 65-si (Oýunlara gatnaşýan toparlaryň sany) uçurylýar.

Soňra atlylar Türkmenbaşy şaýoly bilen dabaraly ýöräp, türkmen halkynyň täze taryhynyň beýik işleriniň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda saklanyp geçýärler. 500 günlük atly ýörişiň jemleýjy tapgyry Olimpiýa stadionynyň öňündäki meýdançada tamamlanýar. Bu ýerde atlylaryň 17-sini ýurdumyzyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary joşgunly aýdymlarydyr sazlary bilen garşylaýarlar.

Ýene degişli makalalar

17.09.2017 | Aşgabat 2017 oýunlarynyň alawyny alyp gelýän atlylaryň 17-si Olimpiýa stadionyna geldiler
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Häkimiýetler gowaça meýdanlaryna ýer eýelerinden birugsat mejbury ýygymçy girizip, töleg talap edýär
Aşgabatda "Magtymguly Pyragy - asyrlaryň paýhasy" atly sebitiara onlaýn-konferensiýa geçirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär