5-nji noýabrda ABŞ-da geçiriljek Prezident saýlawlarynda möhletinden öň 50 milliondan gowrak amerikaly ses berdi. Bu barada Florida uniwersitetiniň wagtyndan öň ses beriş ulgamynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Axios” portaly habar berýär.
Maglumatlara görä, bu saýlawçylaryň takmynan, 39% -i demokratlar, 36% -i hem respublikanlardyr. Mundan başga-da, ähli saýlawçylaryň 41%-i 65 ýaşdan ýokarydygy habar berilýär.
Portalyň belleýşi ýaly, 2020-nji ýyldaky saýlawlarda jemi 100 müň töweregi saýlawçy wagtyndan öň ýa-da poçta arkaly ses berdi.