5 ýyldan soň tennise dolanýar

Fransiýaly tennisçi Marion Bartoli 5 ýyldan soň, täzeden özüniň söýgüli sportuna dolanýandygyny habar berdi. 33 ýaşly Bartoli bu barada: Täzeden kortlara dolanmak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýan, aýratynam, janköýerleri küýsedim.Ýöne entek doly taýýar bolýançam, ýaryşlara gatnaşmakçy däl diýip, beýanat berdi.

Ol özüniň şeýle karara gelmeginde Wenus we Serena Williamslaryň uly goşandynyň bardygyny belläp: Olaryň ikisi-de meni haýran galdyrýar. 37 ýaşly Wenus şu ýyl 2 “Uly tuwulgada” finala çykdy.

Serena bolsa, golaýda dolanýar.Ikisi-de Tokio 2020 Olimpiýa oýunlaryna çenli tennis oýnajakdyklaryny aýdýarlar diýdi. Şeýle-de Bartoli özüni tennisi ilki taşlap, soňra täzeden dolanan we 3 “Uly tuwulga” gazanan daniýaly Kim Kliýsters bilen deňeşdirmeýändigini hem ýatlatdy.

Marion Bartoli 20002013-nji ýyllarda çykyş edip, 8 bäsleşikde çempion bolupdy.Ol 2013-nji ýylda “Wimbledonyň” finalynda germaniýaly Sabine Lisikini utup, karýerasyndaky ýeke-täk “Uly tuwulga” kubogyny gazanypdy we şondan soň, tennisi taşlapdy.

Ýene degişli makalalar

Meksikada täze rekord
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Özbegistanda Üsgülewük Siroby Sebäpli 18 Çaga Ýogaldy
Çawuşogly Duşuşyga Togg Bilen Gitdi
Zelenskiý Ukrainanyň Estoniýadaky ilçisini wezipesinden çetleşdirdi