5 Ýylda Howa Ýoly Arkaly 92,5 Milliard Dollarlyk Haryt Eksport Edildi

5 Ýylda Howa Ýoly Arkaly 92,5 Milliard Dollarlyk Haryt Eksport Edildi

Türkiýäniň 2019-2023-nji ýyllary öz içine alýan döwürde 5 ýylda howa ýoly arkaly edilen eksport 72 göterim artyp 92,5 milliard dollara barabar boldy.

Türkiýeden 2019-njy ýylda howa ýoly arkaly 14,8 milliard dollarlyk haryt eksport edildi.

2020-njy ýylda Kowid-19 epidemiýasy döwründe Türkiýeden howa ýoly arkaly 12,7 milliard dollarlyk haryt eksport edildi.

2021-nji ýylda howa ýoly arkaly 18,7, 2022-nji ýylda 20,7 we 2023-nji ýylda hem 25,5 milliard dollarlyk haryt eksport edildi.

Şeýlelikde 5 ýylda howa ýoly arkaly jemi 92,5 milliard dollarlyk haryt eksport edildi.

Üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan döwürde howa ýoly arkaly 14,2 milliard dollarlyk haryt eksport edildi.

Ýene degişli makalalar

Losos Eksporty 94 Million Dollara Golaýlady
116 Ýurda 175 Million Dollarlyk Zeýtun Eksport Edildi
Aýakgap Eksporty 588,7 Million Dollara Barabar Boldy
Funduk Eksporty 2 Milliard 190 Million Dollara Barabar Boldy
Haly Eksporty 1 Milliard 374 Million Dollara Barabar Boldy
Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy