5-nji oktýabrda Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär

5-nji oktýabrda Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Köpetdag etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär.

Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün edip bilerler.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşyp bilerler.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:

Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

92-21-37; 92-71-82.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda, welaýatlarda güýçli gar elektrik üpjünçiligine we ýol hereketine täsir etdi
Daşoguz welaýatynda kösükli we ýag alynýan ekinleriň bol hasyly ýygnaldy
Aşgabatdaky Rus öýi kwotanyň çäginde Russiýanyň ÝOM-larynda okamak boýunça seminarlara çagyrýar
Aşgabatdaky Rus öýi Moskwa gününe bagyşlanan döredijilik sapagyny geçirer
Türkmenistanyň demirgazygynda mäş we noýba ýetişdirilýär
Daşoguzda oba hojalyk ekinlerini zyýanly mör-möjeklerden goramak boýunça işler geçirilýär