Britan neşiri Basingstoke Gazette-niň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň Hampşir graflygynda ýerleşýän Beýzingstouk şäherindäki kitaphanalaryň birinde täsin waka boldy. Okyjylaryň biriniň okamaga alan kitaplaryny 48 ýyldan soň yzyna gaýtaryp bermegi kitaphana işgärlerini haýran galdyrdy.
Şäheriň Basingstoke Discovery Centre çagalar kitaphanasyna içine iki kitap salnan bukja gelip gowuşýar.Olaryň biri Trewin Koplstounyň Reňk bilen binagärligi öwrenmek: gurluşygyň ajaýyp sungaty diýlip atlandyrylsa, beýlekisi Wilbert Odriniň Kiçijik demir ýol hereketlendirijileri diýlip atlandyrylýar.
Okyjynyň bu kitaplary 1972-nji ýylda kitaphanadan alandygy belli bolýar. Şeýle hem bukjada Endi ady bilen gol çekilip, kitaplary yzyna gaýtaranyň ýazgysy bar.Onda Bu kitaplary 1972-nji ýylda Beýzingstoukdan göçüp gidenimizde, tötänden özümiz bilen alyp gaýdypdyrys.
Men bu kitaplary giç yzyna gaýtarýanlygym üçin ötünç soraýaryn diýlip ýazylypdyr.
Kitaphana işgärleri kitaplary yzyna gaýtaryp beren Endi atly adamyň özüni görüp bilmediler. Ýöne Siziň ýazgyňyzy okap biygtyýar ýylgyranymyzy duýman galdyk. Bagtymyza, bu kitaplary ýene bir gezek görenimize begenýäris diýip, şäher gazeti arkaly oňa hoşallyk bildirdiler.
Ýöne kitaphana işgärleri häzirki wagtda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli Beýik Britaniýada kitaplaryň gijikdirilip getirilenligi üçin jerimeleriň ýatyrylandygyny aýtdylar. Şeýle hem, kitaplaryň şunça wagtlap saklanmagynyň rekord derejededigini belläp, gijikdirenligi üçin jerimeler hasaplanan halatynda, onda Endiniň kitaphana 10,800 dollar tölemeli boljakdygyny ýaňzytdylar.
Selbi Gutlyýewa,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.