'48 sagatlyk film'. Türkmenistanly awtorlaryň filmi Merkezi Aziýa bäsleşiginde ýeňiş gazandy

'48 sagatlyk film'. Türkmenistanly awtorlaryň filmi Merkezi Aziýa bäsleşiginde ýeňiş gazandy

Türkmenistanly gysga film Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça "48 sagatlyk film" ýaryşynda ýeňiş gazandy. “Owal Ram" atly film iň gowy gorkunç/triller kategoriýasynda baýrak aldy.

Film bary-ýogy dört minut dowam edýär, şol wagtyň içinde filmiň assosiasiýalara esaslanan mazmuny beýan edilýär - onuň merkezinde iki jübütiň gatnaşygy.

Sahna "Drama" atly kafede bolup geçýär, soň belli bolşy ýaly, ýüze çykýan konflikte passiw syn edijiler bolan baş gahrymanlar menýudan "Ajy duýgular" we "Howsala" diýlip atlandyrylan tagamlary saýlap alýarlar.

Hakyky betbagtçylyk kadryň daşynda alnyp barylýan dialog üsti bilen beýan edilýär. Düşünişmäge synanyşýan aýal maşgala gatnaşyk isleýän erkek adamyň basyşyndan goranmaga synanyşýar, emma sahna zulumly gatnaşykdan saplanjak bolýan aýala garşy zorluk bilen tamamlanýar.

Kartinadaky saz, dekorasiýalar we aktýorlaryň gysga dialoglary zorlugyň we erkekleriň dominant rolunyň jemgyýetde adaty hasaplanýandygyny, aýallaryň goragsyzdygyny beýan edýär.

Türkmenistanly OM toparynyň “Owal Ram” atly bu filmi gorkunç/triller kategoriýasynda ýeňiji bellendi.

“48 sagatlyk film” atly proýekt Merkezi Aziýada kinorežissýorlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ýaryş. Proýektiň web sahypasyndaky maglumata görä, oňa gatnaşmak üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň islendik gyzyklanýan raýaty ýüz tutup bilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar iki günüň içinde gysga film döretmeli. Toparlar 48 sagadyň dowamynda senariý ýazmaly, surata düşürmeli, redaktirlemeli we guramaçylara 4 minutdan köp bolmadyk filmi ibermeli.

"Hünärmenler we höwesjeňler bäsleşige gatnaşýarlar we ýeňiji bolup bilýärler. 48HFR-e gatnaşmak kino dünýäsine täsir etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir" - diýlip, proýektiň web sahypasynda aýdylýar.

Türkmenistanly awtorlaryň eserleri 2021-nji ýyldan bäri ýaryşa gatnaşýar. Birinji ýylda 5 film gatnaşypdy, 2022 - 7, 2023 - 18, 2024 - 14.

Şu ýyl, gatnaşyjylaryň sanawynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinden üç ýüze golaý eser görkezilýär, şol sanda türkmen awtorlarynyň 14 kartinasy, olaryň arasynda “Derman”, Durmuş öwrümi", “Duýgular ”,“Ulysse ”,“ Weterinar durmuşyndan ”,“ Arzuw ”,“ Wagt ”,“ Sowgat ”,“Diwar ”,“ Bagt zombi ahyrzamanynda däl” we beýlekiler.

Türkmenistanly awtorlaryň regional bäsleşige gatnaşmagy türkmen jemgyýetinde seslenme döretdi. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmen intelligensiýanyň wekilleri ýapyk Türkmenistandan döredijilik ýaşlarynyň sebit bäsleşigine gatnaşmagyň ähmiýetini nygtadylar.

"Bu örän gowy we öwrümli wakadyr. Adamlaryň dymmaklykdan meseleleri dile getirip başlamaga geçmegi, ýaş döredijileriň bolsa 'bir pursat dowam etse-de, azatlygyň ajaýypdygyny' öz eserlerinde açyk beýan edip başlamagy türkmen jemgyýetinde göze görünmeýän öwrülişikleriň bolup geçýändigini görkezýär. Ýaşlarymyzyň erkin döredijiligi saýlamagy, durmuş reallygyny görkezýän eserleri halkara bäsleşiklerinde görkezmegi ählimiz üçin hem buýsançlydyr" - diýip, Aşgabatly sungat bilermeni pikirini paýlaşdy.

Paýtagtyň konserwatoriýasynyň mugallymy, bäsleşige gatnaşan türkmen filmleriniň hakyky durmuşa we real meselelere bagyşlanan mazmuny bilen öňki ýyllardan tapawutlanýandygyny belledi:

"Iň wajyp ýeri, real we durmuşy meseleleri gozgaýan bu film ýeňiji bolmak bilen bir hatarda, Türkmenistandaky aýal-gyzlaryň arasynda maşgalada we söýgi gatnaşyklarynda zorluga sezewar bolýanlarynyň bardygyny we olaryň az däldigini açyp görkezýär. 'Owal Ram' filmindäki aýallara garşy zorluk, 'Arzuw' filmindäki agyr kesele duçar bolan atanyň we köçede zähmet çekýän oglanjygyň metaforiki pikirleri we obrazlary, 'Bagt zombi ahyrzamanynda däl' filmindäki baş gahrymanyň mugallymçylyk işinden halys ýadap, 'zombi ahyrzamanyna 'erkinlik we mümkinçilik hökmünde garaşmagy we ençeme beýleki sýužetler tomaşaçylara we jemgyýete şol problemalary we duçar bolýan kynçylyklary açyp görkezýär" diýip, mugallyma gürrüň berdi.

Azatlygyň söhbetdeşleri bu filmleriň hiç biriniň türkmen telewideniýesinde görkezilmändigine lapykeç bolýarlar.

Konkurs barada Türkmenistanyň ýarym resmi metbugaty habar berdi.

“Türkmenportal” neşiri gatnaşyjylaryň arasynda türkmen režissýory Myratgeldi Mollaýewiň “Arzuw” atly eserini belläp, onuň köçede işleýän oglanjygyň we agyr keselli kakasynyň paralel hekaýalaryny gürrüň berýändigini mälim etdi.

"Oglan, müşderisiniň durmuşy ýaly has gowy ýaşaýşy arzuw edýär. Şol bir wagtyň özünde syrkaw kakasy, gyzyndan ötünç soraýar we diri galjakdygyny wada berip, töwekgelçilikli operasiýa taýynlanýar. Film başga biriniň durmuşyny islemeli däl, sebäbi her kime öz güýjüne görä ykbal berilýär diýen pikir bilen tamamlanýar" diýip neşir belleýär.

"48 sagatlyk film" ýaryşy ilkinji gezek 2015-nji ýylda awtor filmleriniň “Clique Fest” festiwalynyň çäginde Almatyda geçirildi. 2018-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça geçirilýär. Proýekti ýyllarboýy ABŞ-nyň Gazagystandaky diplomatik wekilhanasy goldap gelýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Aşgabat baharynyň” ýeňijileri belli boldy
Aşgabatdaky talyplar teatrynda täze sahna eseri görkeziler
Aşgabatda Gyzyl alma filminiň ilkinji görkezilişi boldy
“Gyzyl alma” filminiň ilkinji görkezilişi
Halk Maslahaty Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklamady, Aşgabatda täjik kinofilmleriniň görkezilişi guraldy, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwdanyň umumy möçberi 2022-nji ýylda örän ýokary görk
Türkmenistanly kino toparlarynyň 7-si 48 sagatda atly halkara film bäsleşigine gatnaşýar