48-nji Kopa Amerikanyň çempiony Argentina

Günorta Amerikanyň çempionaty bolan Kopa Amerika ýaryşy Argentinanyň çempionlygy bilen tamamlandy.ABŞ-da geçirilen 48-nji Kopa Amerikanyň Maýami Gardens şäherindäki Hard Rock stadionynda oýnalan Argentina bilen Kolumbiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky final peteksiz janköýerler sebäpli 1,5 sagada golaý giç başlady.

Peteksiz janköýerleriň stadiona girmäge dyrjaşmagyndan soň peteklileri stadiona almak kynlaşdy. Şol sebäpli-de duşuşygyň başlanýan wagty 2 gezek soňa süýşürildi.

Ahyrynda başlanan duşuşyk çekeleşikli, şol bir wagtyň özünde-de dartgynly geçdi.Oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady.Iki toparyň hem eden hüjümleri netije bermedi.Goşmaça berlern 30 minutyň 15 minutynda-da hasap üýtgemedi.

Duşuşygyň 2-nji ýarymynda meýdança giren Lautara Martines oýnuň 112-nji minutynda tapawutlanyp, argentinleri öňe saýlady.Bu duşuşykdaky ýeke-täk gol boldy.Netijede, 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan Argentinanyň ýygyndysy bassyr 2-nji gezek, umumylykda-da 16-njy sapar Kopa Amerikanyň çempiony bolmagy başardy (1921, 1925, 1927, 1929, 1937, 1941, 1945, 1946, 1947, 1955, 1957, 1959, 1991, 1993, 2021, 2024). Şeýlelikde, Argentinanyň ýygyndysy Urugwaýyň ýygyndysyndan öňe saýlanyp, Kopa Amerikany iň köp eýelän topar boldy.

Şeýle-de Argentinanyň ýygyndysy soňky 4 ýylda 4-nji uly kubogyny gazandy.

Kolumbiýanyň ýygyndysy bolsa 3-nji gezekki finalynda 1975-nji ýyldan soň 2-nji sapar ýeňildi. Kolumbiýa 2001-nji ýylda çempion bolupdy, şowly çykyş eden çempionatynda golaýlan 2-nji çempionlygyny gazanmak başartmady.

Lionel Messi Kopa Amerikadaky iň soňky duşuşygyny geçirip, ol karýerasyndaky 45-nji kubogyny gazandy. Ol bu ugurda iň köp kubok gazanan futbolçy rekordynyň ýeke-täk eýesi boldy.

Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, kolumbiýaly Hames Rodriges saýlandy. 5 gol geçiren Lautara Martines bolsa çempionatyň iň netijeli futbolçysy boldy.

Ýene degişli makalalar

Messi penaltini geçirip bilmedi, şonda-da argentinler ýarym finala çykdy
Argentinamy ýa-da Kolumbiýa?!
Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy
Kopa Amerikada finalyň ady: ArgentinaBraziliýa
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary