Futbol boýunça Günorta Amerika yklymynyň iň uly bäsleşigi bolan Kopa Amerika ýaryşyna badalga berildi.Braziliýada geçirilýän çempionata 12 ýygyndy gatnaşyp, olaryň 10-sy Günorta Amerika degişli ýygyndylar, beýleki 2-si bolsa, Aziýadan myhman topar hökmünde çagyrylan Katar we Ýaponiýanyň milli toparlarydyr. “A” toparçada ýer eýeleri Braziliýanyň, Boliwiýanyň, Wenesuelanyň, Perunyň, “B” toparçada Argentinanyň, Kolumbiýanyň, Paragwaýyň, Kataryň, “C” toparçada Urugwaýyň, Ekwadoryň, Ýaponiýanyň, hem-de soňky çempion Çiliniň ýygyndylary duşuşar. 7-nji iýula çenli dowam etjek çempionatyň duşuşyklary Braziliýanyň “Marakana” (Rio), “Morumbi”, “Korintians” (Sao Paulo), “Mineirao” (Belo Orizonti), “Gremio” (Porto Alegri) hem-de “Itaipawa Arena Fonte Nowa” (Salwador) stadionlarynda oýnalar. Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden Braziliýada super ýyldyz Neýmar şikesi sebäpli düzümden çykaryldy.