4500 ýyllyk şäher tapyldy

Arheologlar Saud Arabystanyndaky Haýbar oazisinde 4400 ýyl mundan ozalky gadymy şäherçäni tapdylar. 1,5 gektar meýdany eýeleýän Al-Nata atly şäherçede miladydan ozalky 2400-nji ýyllarda 500-den gowrak adam ýaşapdyr.

Bu barada “Plos One” žurnalynda neşir edilen makalada aýdylýar.Fransiýanyň Milli ylmy-barlag merkezinden Guýoma Şarluwyň ýolbaşçylygynda işleýän barlagçylar bu ýerden azyndan 50 sany palçyk jaýyň galyndylaryny, keramikanyň köp sanly böleklerini we ýylmanan daşlary tapdylar.

Aýratyn hem bu şäheriň merkezinde 2 sany uly bina ýerleşip, ol dolandyryş jaýy bolup hyzmat eden bolmagy mümkin. Şeýle hem günbatarda täsin basgançakly mazarlary bolan nekropol ýerleşýär.Mundan başga-da, bu ýerde ýazmaça subutnamalaryň ýokdugyna garamazdan, tapylan artefaktlar Al-Natanyň gadymy ýaşaýjylarynyň ösen medeniýetiniň, şeýle hem ýaşaýyş durmuşynyň bolandygyny aýdyň görkezýär. Şäheriň daşyna ilaty çarwalaryň hüjüminden goramak maksady bilen 14,5 km uzynlykdaky diwar hem çekilen.

Al-Nata, takmynan, b.e. öňki 1500-1300-nji ýyllarda taşlanypdyr.Bu gadymy şäheriň boşap galmagynyň sebäpleri entägem syr bolmagynda galýar. 4400 ýyllyk bu gadymy şäheriň tapylmagy Arap ýarymadasynyň taryhyna düşünmäge aýratyn goşant goşýar.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ýene degişli makalalar

“Öten günler” iň gowy film saýlandy
Hytaýda ylgaw ýaryşynyň ýeňijilerine medal ýerine sygyr we towuk gowşuryldy
Katar 2022 Dünýä Kubogyny haýsy teleýaýlymlar görkezer?
Türkmentel—2022: OneWeb 2023-nji ýylda 648 hemrasynyň ählisini orbita çykarar
Hytaýly lotereýada 30 million dollar utandygyny maşgalasyndan gizleýär
Teksti sese öwürýän programma