Dünýäniň iň kynçylykly ýaryşlarynyň biri bolan Dakar Rallisi 12-nji tapgyrdan soň tamamlandy.Saud Arabystanyda geçirilen 43-nji Dakar Rallisinde ýeňil awtoulaglar görnüşinde 12-nji tapgyrda Karlos Saýns ýeňiş gazandy.
Umumy sanawyň lideri, “X-Raid Mini” toparynyň fransiýaly sürüjisi Stefan Peterhansel 44 sagat 28 minut 11 sekuntlyk görkeziji bilen ýeňil awtoulag ugry boýunça 8-nji gezek Dakar Rallisinde çempion boldy.
Onuň motosikl görnüşinde 6 çempionlygy bar.Peterhanselden 14,51 minut yza galan katarly Nasser Al-Attiýa (“Toyota Gazoo”) 2-nji, soňky çempion Karlos Saýns 3-nji ýeri eýeledi.
Motosiklçileriň arasynda argentinaly Kewin Benawides (“Monster Energy Honda”) münberiň çür depesine çykdy.
Onuň görkezen netijesi 47 sagat 18 minut 14 sekunda deň boldy.Benawidesiň amerikaly topardaşy Riki Brabes 4 minut 56 sekunt az netije bilen 2-nji ýeri eýeledi. “Red Bull KTM” toparynyň britan sürüjisi Sem Sanderland 3-nji orna mynasyp boldy.
Şeýle-de ýük ulaglarynyň arasynda başdan-aýak öňe saýlanan “Kamaz” toparynyň Dmitriý Sotnikow ýaryşy çempionlyk bilen tamamlady (48 sagat 23 minut 21 sekunt).
Kwadrasiklçileriň bäsleşiginde-de çilili Manuel Anduhar (“Yamaha”) ýeňşini baýram etdi. Ol 60 sagat 28 minut 28 sekuntda pellehana geldi.
The post 43-nji Dakar Rallisi tamamlandy, Peterhansel 14-nji gezek çempion boldy appeared first on Zaman Türkmenistan.