42-nji DAKAR RALLISINE ŞU GÜN BADALGA BERLER

Dünýäniň iň kynçylykly ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Dakar Ralli bäsleşigine şu gün badalga berler. 42-nji gezek guralýan ýaryş ilkinji ýola Saud Arabystanynda geçiriler.Gyzyl deňziň kenaryndaky Jidde şäherinden bat aljak ýaryş, 12 tapgyrdan soň, 17-nji ýanwarda Kiddiýa şäherinde tamamlanar.

Sürüjiler umumylykda 7500 kilometrden gowrak ýol geçerler.Tapgyrlaryň aglabasy çöllük ýollarda bolup, käbir tapgyrlar kert gaýalyklarda geçiriler.Sürüjiler 5 görnüş ulag bilen çykyş ederler. Ýagny ýaryşa bu ýyl 147 motosikl sürüjisi, 23 kuadrasikl sürüjisi, 89 ýeňil ulag sürüjisi, 45 ýük ulag sürüjisi hem-de 47 sany UTV ulaglarynyň sürüjisi, jemi 351 sürüji gatnaşar. Çykyş etjek sürüjileriň arasynda ispaniýaly meşhur sürüji Karlos Saýns hem bolup, 57 ýaşly türgeniň 2018-nji ýylda gazanan üstünliginden soň, Dakar Rallisinde çempionlyk gazanan iň ýaşuly sürüji hökmünde tanalýar. Şeýle-de ýaryşa gatnaşjaklaryň arasynda geçen ýylyň çempiony katarly Nasser Al-Attiýa, fransiýaly motosikl sürüjisi Siril Depre, Dakar Rallisiniň iň köp çempion bolan sürüjisi, fransiýaly Stefan Peterhansel, Formula 1 sürüjisi Fernando Alonso ýaly meşhurlar hem bar.

Ilkinji gezek 1979-njy ýylda ParižDakar aralygynda geçirilen ýaryş 2008-nji ýyla çenli Ýewropa hem-de Afrika yklymlarynda guraldy. Soňlugy bilen, howpsuzlyk sebäpli 2009-njy ýyldan soň, Günorta Amerikada geçirilen ýaryş ilkinji sapar Aziýa yklymyna aralaşdy.

Ýene degişli makalalar

Dakar Rallisi tamamlandy
Şu gün 43-nji Dakar Rallisine badalga berildi
43-nji Dakar Rallisi tamamlandy, Peterhansel 14-nji gezek çempion boldy
Dakar Rallisi dowam edýär
Praýsyň 2-nji Attiýanyň 3-nji Nikolaýewiň 4-nji çempionlygy
Saud Arabystanynda katarly sürüji ýeňiş gazandy