Pariž Olimpiadasynda ýeňil atletika ýaryşlarynda rekordlar täzelenmegini dowam edýär.Erkekleriň arasyndaky naýza zyňmak ýaryşynda pakistanly Arşad Nadim taryhy çempionlyk gazandy.Ol naýzany 92,97 metre zyňyp, 28 ýyllyk Olimpiýa rekordyny täzeledi.
Bu ugurda ozalky rekord norwegiýaly Andreas Torkildsene degişli bolup, ol Atlanta 1996-da naýzany 90,57 metre zyňypdy.Nadimiň görkezen netijesi şol bir wagtyň özünde Aziýanyň rekordy hem boldy.
Bu ýeňiş Pakistanyň 1992-nji ýyldan soň gazanan ilkinji Olimpiýa medalydyr. Şeýle-de, bu Pakistanyň 1984-nji ýyldan soň, ýagny 40 ýyldan soň gazanan ilkinji altyn medaly hökmünde hasaba alyndy.
Pakistanyň mundan öň 3 altyn medaly bolup, olaryň 3-si hem ot hokkeýi sportuna degişlidir.
Parižde Tokio 2020-niň çempiony hindistanly Niraj Çopra kümüş, grenadaly Anderson Peters bolsa bürünç medala mynasyp boldy.