Käbir oýunlar näçe köp ýyl geçse-de ähmiýetini ýitirmeýär. Rubigiň kubjagazy, pazzl we tetris hem şeýle oýunlar hasaplanýar. Ýakynda Londonda tetrisiň 40 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Şäheriň Outernet London binasynyň daşky diwarynda ýokary durulykda tetris oýny oýnaldy. Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylar äpet ekrandaky oýunlary öz telefonlarynda oýnamaga mümkinçilik aldylar.
Tetris 1984-nji ýylda Alekseý Pažitnow atly programmaçy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Ýönekeýdigine garamazdan, bu oýun hemmeleriň göwnünden turdy. Şondan soňra bu oýun gysga wagtda bütin dünýä ýaýradylýar. Bu oýunda aşaklygyna gaýdýan dürli geometrik şekilleri gysga wagtda degişli ýere ýerleşdirilmeli.
Göwher MOLLAMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.