
Dünýäniň ozalky birinji raketkasy, amerikaly tennisçi Serena Uilýams Uimbldon ýaryşynda kortlara dolanmak niýetiniň bardygyny aýtdy.
40 ýaşly tennisçi iň soňky duşuşygyny 2021-nji ýylyň iýun aýynda geçiripdi. Ol Uimbldonyň geçen ýylky ýaryşlarynda belarusly Aleksandra Sasnowiçe garşy korta çyksa-da, duşuşygy doly tamamlap bilmedi.
Serena NFL-iň oýunçysy Aaron Rojers bilen jemgyýetçilik torlarynyň birindäki göni ýaýlym gepleşiginde öz meýilleri barada aýtdy:
Ozal Serena tälim beren tälimçi Patrik Muratogly häzir rumyniýaly Simona Halep bilen işleşýär.