4 Ýurt Russiýa we Belarus Bilen Goranyş Zolagynyň Gurulmagyny Talap Etdi

4 Ýurt Russiýa we Belarus Bilen Goranyş Zolagynyň Gurulmagyny Talap Etdi

Polşanyň “PAP” habarlar gullugynyň beýan etmegine görä ÝB-ne agza Polşanyň, Litwanyň, Latwiýanyň we Estoniýanyň liderleri ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýene we ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişele ÝB-niň serhetleriniň harby we harby däl taýdan goralmagyny maksat edinýän goranyş liniýasy boýunça hat ugratdy.

Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda, Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk, Estoniýanyň Premýer-ministri Kaža Kallas we Latwiýanyň Premýer-ministri Ewika Silina tarapyndan gol çekilen hatda, degişli ýurtlaryň Russiýa we Belarus bilen bolan serhetlerine 700 kilometrlik goranyş liniýasynyň gurulmagyny talap edilýär.

Ugradylan hatda taslamanyň möçberi we düşýän gymmaty sebäpli ÝB tarapyndan hem syýasy hem-de maliýe taýdan goldanmalydygy beýan edilip, “ÝB-niň serhetleriniň harby we harby däl taýdan goralmagy üçin adatdan daşary çäreler görülmeli” diýilýär.

Käbir Ýewropa ýurtlary bolsa şol taslamanyň 2,6 milliard dollara barabar boljakdyny beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi