Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Türkiýäniň 4-nji burawlaýyş gämisiniň 19-njy maýda Mersine geljekdigini habar berdi.
Ministr Dönmez, Stambulda geçirlen Nebit senagatynda milli tehnalogiýalar maslahatyna gatnaşdy.
Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, maslahatda eden çykyşynda “4-nji burawlaýyş gämisi 19-njy maýda Türkiýä geler. Burawlaýyş gämimiz degişli taýarlyklaryň görülmegi üçin Mersin Taşujunda 2 aý galar. Taýarlyklaryň tamamlanmagyndan soň 4-nji burawlaýyş gämimiz gysga wagtda burawlaýyş işlerine başlar” diýdi.
Fatih, Ýawuz we Kanuny gämilerinden soň Türkiýäniň 4-nji burawlaýyş gämisiniň uzynlygy 238, ini 32 metr.
Ortaça burawlaýyş çuňlugy 12 müň 200 metr bolan gäminiň öz ugry boýunça iň gowy 5 gämiden biridigi nygtalýar.