4 gol ýeterlik bolmady

AFK Çempionlar ligasynda finalçylar belli boldy.Myhmançylykdaky 1-nji oýunda 41 hasabynda ýeňiş gazanan “Al-Hilal” (Saud Arabystany) öz meýdançasynda Hawiniň tälim berýän “Al-Sadd” (Katar) toparyndan 42 asgyn geldi. Ýöne muňa garamazdan, Razwan Luçeskunyň tälim berýän topary “Al-Hilal” finala çykmagy başardy.

Jogap oýnunda “Al-Hilal” Al-Dawsariniň goly bilen hasaby açdy. Ýöne 3 minutda 3 gol geçiren “Al Sadd” 20-nji minutda 31 öňe saýlandy. 25-nji minutda ýer eýelerinden Bafatimbi Gomis tapawutlandy.

Duşuşygyň 90+4-nji minutynda Hawiniň şägirtleri ýene bir gol geçirdi. Ýöne Kukhiniň geçiren goly katarlylara finala çykmak üçin ýeterlik bolmady. 1991-nji we 2000-nji ýyllarda bu kubogy eýelän “Al-Hilal” 7-nji gezek finalda çykyş eder. “Al-Hilal” 1986-njy, 1987-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyllarda finalda asgyn gelipdi.Ýarym finalyň beýleki oýnunda Ýaponiýanyň “Urawa Red Daýmonds” topary myhmançylykda-da Hytaýyň “Guangžou Ewergrand” toparyny ýeňlişe sezewar etdi.

Mälim bolşy ýaly, 1-nji duşuşykda ýapon kluby öz meýdançasynda 20 hasabynda ýeňiş gazanypdy.Jogap oýnunda myhmanlar 10 üstün çykyp, ýeke-täk pökgini 50-nji minutda Koroki derwezä girizdi. Şunlukda, ýapon topary “Urawa Red Daýmonds” 3-nji gezek finala çykmagy başardy.

Saitama şäheriniň wekili mundan öňki 2 finalynda hem, ýagny 2007-nji we 2017-nji ýyllarda kubogy eýeläpdi.Iki gezek çempion bolan 2 toparyň arasyndaky final oýunlary ilki 9-njy noýabrda Er-Riýadda, jogap duşuşygy bolsa, 24-nji noýabrda Saitamada oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Aziýanyň läheňi “Al-Hilal”
“Al-Ittihad” bir ädim öňde
Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
Hawi hem-de Kannawaronyň toparlary ýaryşy dowam edýär
AFK-nyň Çempionlar ligasynda ähli toparçalar doly düzüldi
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy