4 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

4 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar --- aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.

Şeýle hem onda ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi.

Ol şu ýylyň dört aýynda ýurduň durnukly ösüşini, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek, goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň hem-de raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletiň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ähmiýetini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ýurduň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň serkerdeleriň hünär derejesine, olaryň hukuk taýdan sowatlylygyna, döwrebap tehniki serişdeleri we sanly ulgamy özleşdirmek endiklerine gönüden-göni baglydygyny belledi.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de ýurduň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe bu işleriň kanunçylyga laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasynyň talabalaýyk ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek babatda görkezme berildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 9-njy maýda 1941 --- 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Aşgabatda we welaýatlarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi-de tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ilkinji dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany mejlisi jemläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

--- Ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär --- diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu ugurdaky işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Jemgyýetiň asudalygy raýatlaryň bagtyýarlygy
Prezident: Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär
Türkmenistanyň Hökümet agzalaryna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly gowşuryldy
5 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Halkymyzyň abadan durmuşy üpjün edilýär